Sepleriň elýeterliligi

Britan parlamenti Twitterden Orsýet barada maglumat talap edýär


Twitter ulgamynyň esaslandyryjylary Jack Dorsey (ç), Biz Stone we Ewan Williams (s), Nýu Ýork, 2013

Britaniýanyň parlament komitetleri Twitter sosial ulgamyndan Orsýet bilen bagly hasaplaryň jikme-jiklerini talap edýärler.

Britaniýanyň bu karary ABŞ-nyň Senatynyň sosial ulgamlaryndan eden şuňa meňzeş talabynyň yzýanyna gabat geldi.

3-nji noýabrda britan parlamentiniň üç komiteti tarapyndan ýaýradylan talap haty Orsýetiň ABŞ-nyň 2016-njy ýylda geçiren prezidentlik saýlawlaryna goşulyşan bolmagynyň ähtimallygy barada Kongressiniň derňew komitetiniň beren maglumaty göz öňünde tutulyp düzülipdir.

Komitetiň ýolbaşçysy Damian Kollinsyň Twitter ulagamynyň müdiri Jack Dorseýe ýazan hatynda orsýetlileriň hasaplarynda Britaniýanyň ähli syýasatçylary barada çap edilen maglumatlaryň berilmegi soralýar we Twittere noýabryň aýagyna çenli wagt möhleti berilýär.

XS
SM
MD
LG