Sepleriň elýeterliligi

Babylon Berlin: täze nemes serialy iň ýörgünli film bolar


"Babylon Berlin" atly teleserialdan bir pursat

The Guardian” gazetiniň ýazmagyna görä, 16 bölümden ybarat bolan "Babylon Berlin" atly teleserial dünýä möçberinde iň ýörgünli filme öwrülip biler.

"Babylon Berlin" atly teleserial "Weýmar respublikasynda" bolup-geçýän hadysalary suratlandyrýar. Çykdajysy 38 million ýewro bolan bu teleserial Germaniýanyň teleýaýlymlarynda iň gymmat film hasap edilýär.

Serial jenaýat, korrupsiýa, jynsy gatnaşyk we magşuklyk sahnalaryna hem diýseň baý.

Tankytçylaryň pikrine görä, bu serial Ýewropanyň iň ýörgünli kinofilmlerine bäsdeş bolar.

Germaniýanyň telekanallarynda şu aýda görkezilmäge başlanan ol serial turuwbaşdan edil Skandinawýa seriallary we ABŞ-nyň kinofilmleri ýaly ýörgünlik gazanypdyr.

"Die Zeit" gazetiniň ýazmagyna görä, bu serialda taryh, jynsy gatnaşyk we jenaýat sahnalary näçe köp bolsa-da, esasy aýratynlygy aktýor oýnunyň ýokary derejede ussatlyk bilen amala aşyrylmagydyr.

Serialda "Waýmar respublikasynda" demokratiýanyň gowşap, milletparazlaryň häkimiýet başyna geçýän döwri suratlandyrylýar.

Tankytçylaryň pikrine görä, serialyň görkezilýän wagtynyň Germaniýada "AfD" atly populist partiýanyň saýlawlarda şowlulyk gazanan döwrüne gabat gelmegi tötänlik däldir we diýseň manylydyr.

Teleserial 180 günüň dowamynda 300 sany tapawutly ýerde surata düşürilipdir.

Aslynda daşary ýurtly tomaşaçylar üçin taýýarlanan ol serial bilermenleriň pikirine görä, Germaniýanyň telekanalynda sarsgynlylyga sebäp bolup biler.

"Manager" atly žurnal bu barada "ahyrynda Germaniýanyň hem halkara derejede bir serialy bolar' diýip ýazýar.

Serialyň esasy Wolker Kutşeriň ýörgünli dedektiw romanlaryndan ugur alnyp taýýarlanypdyr. Ol romanlardaky hadysalar 1929-njy we 1934-nji ýyllaryň arasynda bolup geçýär.

1920-nji ýyllaryň ahyrynda Berlin dünýäniň iň döwrebap şäherleriniň biri hasap edilipdir.

"Berlin Babylon" atly serial diňe bir çeper eser bolmak bilen çäklenmän, şol bir wagtyň özünde Germaniýanyň taryhynyň iň täsin döwrüniň dokumental filmidir.

"Der Spiegel" serialyň halkara tomaşaçylar üçin surata düşürilendigine garamazdan, Germaniýanyň adaty kino äheňinde taýýarlanandygyny belleýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG