Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda neşe söwdasynda güman edilýän türkmen zenany tutuldy


Stambul
Stambul

Stambulyň neşe söwdasyna garşy göreş gullugynyň işgärleri 6-njy noýabrda Fatih etrabyndaky bir myhmanhana garaşylmadyk ýagdaýda operasiýa gurnady. Operasiýada neşe söwdasynda güman edilýän bir türkmenistanly zenan tutuldy.

Stambulda gurnalan bu neşä garşy göreş operasiýasy başdan-aýaga ähli türk telekanallarynda we beýleki media serişdelerinde gaýta-gaýta görkezildi.

Türkiýäniň köp tiräžli "Milliýet” gazetiniň ýazmagyna görä, Stambul polisiniň neşä garşy göreş gullugynyň Köçe jenaýatlaryna garşy göreş bölüminiň işgärlerine Fatih etrabndaky bir otelde we onuň käbir jaýlarynda neşe saklanýandygy barasynda maglumat gowuşýar. Güman edilýänler fiziki we tehniki taýdan yzarlanandan soň, Fatih etrabynyň Saraç Ishak mähellesiniň Köşkli Hammam Çykmazy diýen ýerindäki myhmanhana duýdansyz operasiýa gurnalýar. Operasiýada myhmanhana giren neşä garşy göreş gullugynyň işgärleri ol ýerdäki adamlary ýere ýatyryp, olaryň üst-başyny barlapdyr.

Operasiýada myhmanhananyň ähli otaglaryny ýagşy barlan neşä garşy göreş gullugynyň işgärleri ýerzemindäki jaýyň gapysyny döwüp içerik giripdir. Ol jaýda geçirilen barlagda, mikrowolnowka ojagynyň içinde satuwa çykarylmaga taýýar görnüşde köp mukdarda beň, gaty we owradylan görnüşde kokain bilen "laýn" diýip atlandyrylýan neşe maddasy, 18 sany tüpeň güllesi we neşe satuwynda ulanylýan terezi tapylýar. Ol jaýda ýaşaýan türkmenistanly Ý. R. atly zenan bolsa neşe söwdasynda güman edilip saklanýar.

Türkmenistanly zenanyň sorag edilmegi üçin Stambuldaky Kumkapy polis merkezine äkidilendigi habar berilýär.

Ýeri gelende ýatlasak, türk metbugatynda neşe bilen ilteşiklidigi güman edilip saklanýan türkmen raýatlary barasynda häli-şindi habarlar berilýär. Stambulyň Siliwri etrabynyň howpsuzlyk güýçleri Selimpaşa merkezi mähellesinde bir öýde neşe maddalarynyň öndürilýändigi barasynda gelip gowşan maglumatdan ugur alyp, şu ýylyň 10-njy fewralda gurnan operasiýasynda 45 ýaşyndaky M.S atly türkmenistanly zenany saklapdy. Onuň bolýan jaýynda geçirilen barlagda 818 gram metamfetamin neşe maddasynyň ýasalmagynda ulanylýan köpsanly gap-gaç, dürli gaplarda suwuk hem gaty görnüşde her hili himiki serişdeler ele salynýar.

Stambulyň Kartal diýen ýerindäki bir jaýda geçirilen başga bir operasiýada bolsa, Türkmenistanyň raýatlary 54 ýaşyndaky G. K. atly zenan bilen 24 ýaşyndaky A. A. we 32 ýaşyndaky J.A. dagy 50 kilogram beň, 350 gram geroin, 3 sany neşe terezisi bilen tutulypdy. Şeýle-de, Stambul polisiniň neşä garşy göreş bölüminiň Zeýtinburnu, Awjylar, Baýrampaşa, Esenýurt, Büýükçekmeje, Fatih we Ataşehir etraplarynda geçiren operasiýalarynda neşe satmakda güman edilýän, 21 sanysy türkmenistanly, jemi 33 adam tussag edilipdi.

Antaliýanyň Žandarma gullugy hem neşe söwdasynda güman edilýänleri 1 ýyllap yzarlandan soň Alanýa, Adana, Mersin we Antalýadaky operasiýalarynda 500 gram ulanylmaga taýýar geroin bilen Merdan M. atly türkmenistanly raýaty we 9 adamy ele salypdy.

Sözi jemläp aýtsak, Azatlyk Radiosynyň synanşygyna garamazdan, degişli türk we türkmen resmilerden neşe bilen ilteşikli bolmakda güman edilip göz astyna alnan türkmenistanly zenan barasynda haýsam bolsa bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak başartmady.

XS
SM
MD
LG