Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mogerini ABŞ-nyň kanun çykaryjylarynyň Eýran bilen ýadro ylalaşygyny berjaý etmäge ymtylýandygyny aýtdy


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogerini, Luksemburg, 16-njy oktýabr, 2017
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogerini, Luksemburg, 16-njy oktýabr, 2017

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogerini ABŞ-nyň kanun çykaryjylarynyň Birleşen Ştatlaryň Eýran bilen 2015-nji ýylda baglaşylan ylalaşygy berjaý etmäge ymtylýandygyny mälim edendigini aýtdy.

7-nji noýabrda Waşingtonda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Federika Mogerini ABŞ-nyň Eýran babatyndaky sanksiýalaryny gowşatmak üçin goşmaça şertleriň girizilmegi hakynda Kongressde garalmagyna garaşylýan dokumentiň 2015-nji ýylyň ýadro ylalaşygyna täsir ýetirip-ýetirmezligi barada berlen sowaly kommentirlemekden boýun gaçyrdy.

Mogerini özüne “Birleşen Ştatlaryň ylalaşygy berjaý etmek niýeti barada anyk alamatlaryň gowşandygyny” aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmek hakyndaky ylalaşygy gaýtadan tassyklamakdan geçen aýda ýüz öwürdi.

Tramp 13-nji oktýabrda eden çykyşynda Tährany dünýäniň iň täsirli alty ýurdy bilen 2015-nji ýylda baglaşan ylalaşygynyň “ruhuny” bozmakda aýyplady.

XS
SM
MD
LG