Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Bank kartlaryna pul geçirmäge baranlardan güwänama talap edilýär


Türkmenistanyň banklary tarapyndan berilýän bank kartlary

Türkmenistanyň banklarynda özleriniň plastik bank kartlaryna pul geçirmäge baran türkmenistanlylardan, öz işleýän edarasyndan ýörite güwänama talap edilýär diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.

Neşiriň 6-njy noýabrda çap eden maglumatyna görä, gürrüňi edilýän güwänamada banka baran döwlet işgäriniň häzirki wagtda zähmet ýa saglyk dynç alşynda, ýa-da tölegsiz zähmet dynç alşyndadygy tassyk edilmeli.

“Eger şol güwänama bolmasa, onda raýatyň plastik bank kartyna pul geçirmegine rugsat berilmeýär” diýip, neşir belleýär.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleri hem tassyklap, VISA ýa-da MasterCard bank kartlaryna pul geçirmek üçin banklara baran raýatlardan, öň haýsy edaradan, näçe aýlyk alýandygy hakynda güwänama talap edilen bolsa, indi şol güni işgäriň zähmet dynç alşyndadygy baradaky güwänamanyň hem soralýandygyny aýdýarlar.

“Indi sen haýsy edaranyň işgäri bolsaň, şol edaradan plastik karta pul goýmaga gelen günüň – zähmet rugsadyndamy ýa saglyk ýagdaýyň sebäpli işe çykyp bileňokmy, ýa-da öz hasabyňa tölegsiz zähmet rugsadyny aldyňmy – ine, şular soralýar hem-de şol sebäpleri tassyk edýän resmi dokument, ýagny güwänama talap edilýär” diýip, aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Bugaýew paýtagtyň käbir önümçilik kärhanalarynda işleýän raýatlaryň ençemesine salgylanyp, şol güwänamalary almagyň hem o diýen aňsat däldigini belleýär. Onuň sözlerine görä, raýatlar agzalýan güwänamany almak üçin, öz işleýän edarasynyň azyndan iki ýolbaşçysyna ýüzlenip, olaryň muňa garşy däldigini tassyklatmaly bolýarlar.

Türkmenistanda raýatlaryň türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna öwürmeginiň ýeke-täk resmi ýoluna, ýagny plastik bank kartlaryna pul geçirip, olary daşary ýurtlaryň bankomatlarynda nagtlaşdyrmak mümkinçiliklerine girizilen soňky çäklendirmeler we olaryň sebäpleri barada ne bank işgärleri, ne-de türkmen media serişdeleri tarapyndan ilat köpçüligine häzirlikçe ýeterlikli maglumat ýa-da düşündiriş berilýär.

Ýokarda aýdylýan täze talap türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlaryň bankomatlaryndan nagtlaşdyryp bilýän maliýe serişdeleriniň möçberine täze çäklendirmeleriň girizilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Şu hepdäniň başynda Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky raýatlaryň daşary ýurtlarda bank kartlary bilen amala aşyryp bilýän gündelik amallarynyň möçberiniň 600 amerikan dollaryndan 250 amerikan dollaryna çäklendirilendigini mälim etdi.

Galyberse-de, ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi bu çäklendirmeleriň, Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwürde, walýutany ýurduň içinde saklamak üçin edilýän tagallalaryň bir bölegi diýýär.

“Bu çäklendirmeler plastik karta pul geçirýänleriň nobatyny kemeltmek üçin edilýär. Bu juda oýlanyşykly edilýän, hile gatyşykly emel. Sebäbi edara ýolbaşçylarynyň köpüsiniň-de şeýle güwänamany bermejegini bilýärler. Ony başga biri, meselem, maşgalanyň haýsydyr bir eli boş agzasy geçiräýende-de, ol ýerde uly jenaýatam ýok, maliýe ýalňyşlygam ýok. Bu zatlar adamlaryň sanyny azaltmak we eýdip-beýdip plastik kartlara pul geçirilmegini azaltmak üçin edilýän iş” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Ýatlap geçsek, 2016-njy ýylyň ýanwaryndan bäri Türkmenistanda dollaryň söwdasy resmi taýdan togtadyldy. Şondan bäri daşary ýurtlarda söwda edýän ýa-da okaýan türkmenistanlylar türkmen manadyny bank kartlaryna geçirip, diňe daşary ýurtlaryň bankomatlaryndan dollary nagtlaşdyryp bilýärler.

Munuň bilen bir wagtda, ýurduň “gara bazarlarynda” dollaryň bahasynyň gün-günden ýokarlanmagy dowam edýär. Häzirki wagtda Aşgabadyň “gara bazarlarynda” 1 amerikan dollary 3 manat 50 teňňe möçberindäki resmi kurs nyrhyndan iki ýarym esse gymmatdan, ýagny tas 9 manatdan satylýar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurduň ykdysadyýetiniň “ösüş depginleri” barada ýygy-ýygydan tekrarlasalar-da, dollar çäklendirmeleri we olaryň ilata ýetirýän täsirleri barada kelam agyz söz aýtman gelýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG