Sepleriň elýeterliligi

“Uber” we “Lyft” kompaniýalary amerikaly konserwatiw Laura Loomeriň hasabyny petiklediler. Ony taksi hyzmatlaryny ulanmakdan mahrum etdiler.

CNBC agentliginiň habar bermegine görä, Loomeriň Twitter hasabyndan musulmanlary nyşana alan sözlerinden soňra, agzalan şirketler şeýle karary kabul edipdirler.

Loomer Nýu-Ýorkda sekiz adamyň wepat bolmagyna getiren soňky terrorçylykly hüjümden soňra şeýle tweetler ýazypdyr.

Ol taksi şirketlerini ekstremistleri işe äkitmekde aýyplady.

Loomer Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda, “Uber we Lyft kompaniýalaryndan peýdalanmak islemeýändigini, sebäbi musulman migrantlara peýdasynyň degmegini islemeýändigini” ýazdy.

Žurnalizm bilen meşgullanýan Loomer, Nýu-Ýork polisiýasynyň geçiren metbugat konferensiýasyna gija galmagynyň sebäbini, “musulman bolmadyk taksi sürüjisiniň ýoly ýarym sagatlap tapyp bilmändigi” bilen düşündirdi.

Nýu-Ýorkdaky terrorçylykly hadysany amala aşyrmakda şübhelenilýän özbek immigranty Saýfullo Saipow Uberde işçi eken. Uber şirketi muny resmi ýagdaýda tassyklady.

Saipow geçen hepde sud zalyna çykarylanda, terror hadysasyny “Yslam Döwleti” toparynyň adyndan ýerine ýetirendigini aýdypdy.

Loomeriň musulmanlar hakynda ýazanlary sosial ulgamlarda uly närazylyklar döretdi.

Uber we Lyft kompaniýalary Loomeriň hasabyny petiklemekleriniň sebäbini “jemgyýet kadalaryny bozmak” bilen düşündirdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG