Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Hytaýy Demirgazyk Koreýanyň ýadro meselesini çözmek üçin öz täsirini ulanmaga ündedi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (ç) we Hytaýyň prezidenti Ksi Jinping (s), Pekin, 9-njy noýabr, 2017
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (ç) we Hytaýyň prezidenti Ksi Jinping (s), Pekin, 9-njy noýabr, 2017

Pekine döwlet sapary bilen baran ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hytaýy Demirgazyk Koreýanyň ýadro meselesini çözmek üçin öz täsirini ulanmaga ündedi we onuň ikitaraplaýyn söwdasynyň Birleşen Ştatlar babatynda adalatsyzdygyny belledi.

Tramp bu barada 9-njy noýabrda Hytaýyň prezidenti Ksi Jinpingiň ýanynda sözledi we ABŞ-nyň hem Hytaýyň şirketleriniň arasynda bahasy 250 milliard dollarlyk söwda ylalaşyklarynyň baglaşylandygy barada yglan etdi.

Soňky aýlarda Phenýan kontinentara ballistik raketalaryny synady we özüniň altynjy ýadro synagyny amala aşyrdy.

Tramp awgust aýynda munuň bilen baglylykda Demirgazyk Koreýanyň hereketlerine “ot we ýalyn” bilen jogap bermegi wada berdi.

Tramp Pekiniň Demirgazyk Koreýa basyş etmegini isleýändigini aýdyp, “Hytaý bu problemany tiz we ýeňillik bilen çözüp biler” diýdi, şeýle-de Pekini Phenýan bilen söwda gatnaşyklary kesmäge ündedi we Orsýeti kömege çagyrdy.

Hytaý Demirgazyk Koreýanyň esasy söwda partnýorydyr.

Munuň öňüsyrasynda Trampyň Aziýa edýän saparynyň dowamynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşmagyna garaşylýandygy habar berlipdi.

XS
SM
MD
LG