Sepleriň elýeterliligi

Mogerini ÝB-niň Eýran bilen ýadro ylalaşygyny saklajagyny aýtdy


Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogerini, Bişkek, 9-njy noýabr, 2017

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogerini bileleşigiň dünýäniň iň täsirli ýurtlarynyň we Eýranyň arasynda baglaşylan ylalaşygyň “ähli taraplardan doly berjaý edilmeginiň dowam etdiriljegine” ynam baglaýandygyny aýtdy.

Mogerini 10-njy noýabrda Samarkandda eden bu çykyşynda ylalaşygyň “Ýewropa we halkara köptaraplaýyn diplomatiýasy üçin uly öňegidişlik bolandygyny" belledi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp halkara gözegçileriň yglan eden netijelerine garamazdan, Eýranyň 2015-nji ýylyň ylalaşygyndaky borçlaryny berjaý edýändigini ykrar etmekden geçen aýda ýüz öwürdi.

Şeýle-de, Tramp Eýrany ylalaşygyň ruhuny bozmakda aýyplady we Tährana basyş etmek üçin Kongressden ABŞ-nyň ylalaşyga degişli kanunlaryny pugtalandyrmagy sorajagyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG