Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede ýene bir türkmen zenany ten söwdasynda tutuldy


Türk media serişdelerinde ten söwdasynda güman edilip saklanýan we soň deportasiýa edilýän türkmenistanly zenanlar barasynda yzygiderli maglumatlar berilýär.
Türk media serişdelerinde ten söwdasynda güman edilip saklanýan we soň deportasiýa edilýän türkmenistanly zenanlar barasynda yzygiderli maglumatlar berilýär.

Türkiýäniň Egeý sebitinde ýerleşýän Manisa şäherinde ten söwdasyna garşy guralan operasiýada, türkmenistanly bir zenan bilen jemi 21 adam göz saklanypdyr.

Türkiýäniň köp tiražly "Milliýet" gazetiniň habaryna görä, gowşan maglumatlardan ugur alyp herekete geçen Türkiýäniň Manisa welaýatynyň polis müdirliginiň ahlak býurosynyň işgärleri ten söwdasyny gurnamakda güman edilýänleri bir aýlap tehniki taýdan yzarlaýar. Ýeterlik delilleri jemlän türk polisi soň şol bir wagtyň özünde 6 ýerde operasiýa geçirýär.

Ten söwdasyna garşy guralan operasiýada biri türkmenistanly, 2 sanysy zenan, jemi 21 güman edilýän saklanýar. Aýyplanýanlaryň öýlerinde we ulaglarynda geçirilen barlagda, bikanun rugsatsyz sapança bilen 7 sany ätiýaçlyk gülle ele salynýar.

Ýerli çeşmeleriň habar bermegine görä, ten söwdasynda güman edilip tutulan türkmen zenany bilen ýaranlary Manisanyň döwlet hassahanasynda saglyk barlagyndan geçirilenden soň resmi işleriň taýýarlanmagy üçin, polis müdirligine äkidilipdir. Aýyplanýanlaryň polisdäki işleri tamamlanandan soň kazyýete iberiljekdigi aýan edildi.

Ýatlap geçsek, türk media serişdelerinde ten söwdasynda güman edilip saklanýan we soň deportasiýa edilýän türkmenistanly zenanlar barasynda yzygiderli maglumatlar berilýär. Türkiýäniň “ Milliýet ” gazeti, türk polisiniň 28-nji oktýabrda Bodrum şäheriniň Gümbet diýen ýerindäki bir myhmanhana gurnan operasiýasynda, ten söwdasynda güman edilýän türkmenistanly K.S, atly zenany, gyrgyzystanly Z.A, K.S, A.G. we russiýaly K.S. atly zenany migrant ýaranlary bilen bilelikde saklanyp, olaryň deportasiýa edilmegine karar beripdi.

Türk polisi şu ýylyň iýun aýynyň ortasynda hem Bodrum şäheriniň Gümbet mähellesindäki bir myhmanhanada ten söwdasy bilen meşgullanmakda aýyplanýan türkmenistanly bir zenan bilen onuň 3 gyrgyzystanly we 2 hem russiýaly ýaranyny iki hepdeläp tehniki hem fiziki görnüşde yzarlandan soň, olardan 3 sanysyny bir awtoulagyň içinde jynsy gatnaşykdaka, ýene 2 sanysyny hem raýat geýimli polisiýa işgärleri bilen ten söwdasyny edýän mahaly ele salypdy.

Şeýle-de, Antaliýa polisiniň Arapsuýu mähellesinde ýerleşýän bir myhmanhana gurnan operasiýasynda, ten söwdasy bilen meşgullanýan 25 ýaşyndaky Sona S, 28 ýaşyndaky A.S. we 30 ýaşyndaky M.H. atly türkmenistanly zenanlar bilen olara araçylyk edýän Ali K. we Ramazan S. atly türk raýatlaryny tussag edipdi. Habarda, türkmenistanly zenanlardan Sona S. atly aýalyň öz ýurdunda polisde işleýändigi we ýyllyk rugsada çykandan soň, pula mätäçlik çekýändigi üçin, bir tanşynyň üsti bilen Antaliýa ten söwdasyny etmäge gelendigi öňe sürlüpdi.

"Hürriýet” gazetinde çap edilen habarda, Tekirdag welaýatynyň Marmara Ereglisi etrabynyň žandarm gullugynyň işgärleri 16-njy awgust gijesi gurnan operasiýasynda, Ýenijiftlik we Sultanköý atly mähellelerde ýerleşýän gijeki klublarda we myhmanhanalarda ten söwdasyny edýän, şeýle-de bikanun ýagdaýda işledilýän jemi 28 daşary ýurtly zenany saklapdy. Saglyk barlagyndan geçirilen zenanlardan U.H. atly türkmenistanly raýatda SPID keseline sebäp bolýan HIV wirusynyň bardygy, türkmenistanly T.P. atly zenan bilen özbegistanly D.J. atly zenanda bolsa sifilis keseliniň bardygy aýan edilipdi.

Ten söwdasynda güman edilip saklanýan türkmen zenanlarynyň ykballary barasynda degişli resmilerden nähilidir bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

XS
SM
MD
LG