Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tam Trampyň 10-njy noýabrda Putin bilen duşuşmajakdygyny aýdýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Wetnamda geçirilýän Günorta-gündogar Aziýa döwletleriniň sammitiniň gapdalynda, 10-njy noýabrda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen resmi duşuşyk geçirmez diýip, Ak tam aýtdy.

“Putin bilen geçirilmeli ýygnak barada aýdylanda, bu duşuşygyň geçiriljekdigi asla tassyklanylmandy. Taraplaryň saparynyň meýilnamalarynda dörän ylalaşyksyzlyk sebäpli agzalýan duşuşyk bolmaz” diýip, prezidentiň “Air Force One” uçarynyň 10-njy noýabrda Wetnamyň Danang şäherine gonmazynyň öňýany, Ak tamyň metbugat wekili Sarah Sanders habarçylara aýtdy.

Prezidentleriň ýa Danangda ýa-da Filippinlerde ýarym resmi häsiýetde duşuşyk geçirmekleri “ahmaldy” we “mümkindi” diýip, Sanders belledi. Tramp bilen Putin Filippinlerde beýleki bir regional konferensiýa gatnaşýarlar.

“Indi olar bir ýerde bolýarlar. Eýsem ol ýerde prezidentleriň birek-biregine ýollary düşüp, salamlaşarlarmy? Elbetde, bu mümkin” diýip, Sanders aýtdy. “Ýöne öňünden meýilleşdirilen, resmi duşuşyk barada aýdylanda, beýle ýygnak saparyň meýilnamasynda ýok we biz bolaram öýdemzok” diýip, Ak tamyň metbugat wekili sözüniň üstüni ýetirdi.

Muňa garamazdan, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow 10-njy noýabrda geçirilmeli duşuşygyň guramaçylyk synanyşyklarynyň dowam edýändigi mälim etdi. “Ýöne ýagdaýlar heniz aýdyňlaşmady” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şondan bir gün ozal Peskow 10-11-nji noýabrda Danangda geçirilýän Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlyk sammitiniň dowamynda, Tramp bilen Putiniň “her niçigem bolsa” ýollarynyň kesişmeginiň mümkindigini aýdypdy.

Moskwanyň Ukrainadaky agressiýasy zerarly hem-de onuň 2016-njy ýylda Birleşen Ştatlarda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna gatyşdy diýilmegi bilen bagly meselerler sebäpli, Orsýet bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar berk dartgynlaşdy.

Trampyň ýanwar aýynda prezidentlik wezipesine girişmeginden bäri iki ýurduň prezidentleriniň arasyndaky ýeke-täk ikibara duşuşyk iýul aýynda Germaniýada geçirilen 20-ler toparynyň sammitinde bolup geçipdi.

Gamburgda geçirilen şol gepleşikleriň dowamynda Tramp bilen Putin 2016-njy ýylda Birleşen Ştatlarda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna Orsýetiň gatyşygy baradaky aýyplamalary ara alyp maslahatlaşypdy. Şonda prezidentler geçmişde ýüze çykan meseleleri dawalaşmagyň deregine mundan soňky edilmeli işlere üns bermek barada ylalaşandyklaryny mälim edipdiler.

Ýöne muňa garamazdan, Orsýetiň saýlawlara gatyşygy we Tramp bilen Moskwanyň dildüwşükli hyzmatdaşlygy boýunça Birleşen Ştatlarda alnyp barylýan derňewleriň fonunda, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar has-da ýaramazlaşdy. Putin Orsýetiň gatyşygyny ret edýär, Tramp bolsa dildüwşükli hyzmatdaşlygyň bolmandygyny aýdýar.

Kongresiň basyşy astynda Tramp awgust aýynda Orsýete garşy sanksiýalary güýçlendirýän kanuna gol çekdi. Moskwa Birleşen Ştatlaryň ilçihanasynyň we konsulhanalarynyň işgär sanynyň azaldylmagyny talap etdi, Waşington bolsa muňa gaýtawul çärelerini gördi.

Bu aralykda, Orsýetiň Krymy basyp almagy, onuň Kiýewe garşy seperatistleri goldamagy we Siriýadaky pajygaly uruşda Russiýanyň roly sebäpli dörän dartgynlyk dowam edýär.

5-nji noýabrda Tramp özüniň Aziýa edýän saparynyň dowamynda, Putin bilen duşuşyga garaşýandygyny aýtdy. Şeýle-de, 8-nji noýabrda Peskow prezidentleriň duşuşmak “ähtimallygynyň ýokarydygyny” mälim etdi.

XS
SM
MD
LG