Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kongresiň kömekçileri: Baýden administrasiýasy Ysraýyla bahasy $1 milliarda barabar ýarag iberýär


ABŞ-nyň Kapitol binasy
ABŞ-nyň Kapitol binasy

Baýden administrasiýasy esasy kanun çykaryjylara Ysraýyla bahasy 1 milliard dollardan gowrak goşmaça ýarag we ok-däri iberjekdigini aýtdy diýip, Kongresiň üç kömekçisi 14-nji maýda mälim etdi.

Emma ýaraglaryň we ok därileriň haçan iberiljekdigi häzirlikçe belli däl.

Bu, administrasiýa şu aýda her biriniň agramy 900 kilogramdan aşýan 3500 sany bombadan ybarat ýarag ugratmagyny togtadandan bäri, Ysraýyla ýaragyň iberilmegi bilen bagly mälim bolan ilkinji wakadyr.

Şonda Baýden administrasiýasy Gazadaky parahat ilatdan ölenlere alada bildirýändigini aýdyp, 3500 bombanyň geçirilmegini togtadandygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG