Sepleriň elýeterliligi

'Serhetsiz reportýorlar' Merkezi Aziýada žurnalistlere edilýän basyşlara ünsi çekdi


Saparmämmet Nepesgulyýew

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogerininiň Merkezi Aziýa sapar edýän wagtynda "Serhetsiz reportýorlar" (RSF) guramasy regionda žurnalistleriň hukuklarynyň depelenmegine üni çekdi.

Düýbi Fransiýada ýerleşýän "Serhetsiz reportýorlar" guramasy Mogerininiň 10-njy noýabrda Samarkandda ÝB-Merkezi Aziýa sammitine gatnaşýan wagtyna gabatlap çap eden beýanatynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklarynda adam hukuklaryny we media azatlygyny ileri tutmagynyň zerurlygyny nygtady.

Beýanatda Merkezi Aziýa ýurtlarynda žurnalistleriň yzarlanmagyna we hususan-da, Türkmenistanda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň türmede saklanýandygyna üns çekilýär.

XS
SM
MD
LG