Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow sebäpli uçar reýsleri gijikdirildi


Uçar ýolagçylary

9-njy noýabrda döwlet ýolbaşçysynyň Awazadan paýtagta dolanyp gelmegi bilen bagly Türkmenistanyň içerki uçar reýsleriniň birnäçe sagatlap gijikdirilendigi barada maglumatlar peýda boldy.

Adynyň efirde tutulmazlygyny soran türkmenabatly zenanyň aýtmagyna görä, ol 9-njy noýabrda sagat 12-däki reýs bilen Türkmenabatdan, Aşgabada uçmaly ekeni.

“Bir sagat öňünden registrasiýadan geçip, uçara münülýän zalda ornaşdyk. Ýöne bu ornaşmamyz uzaga çekmeli boldy. Günortan sagat 12-de uçmaly uçara bizi goýbermediler.Onuň sebäplerini hem düşündirmediler. “Garaşmaly, özümiz uçara girmäge çagyrarys” diýip, näme sebäpden garaşmaly bolýandyklaryny soraýan ýolagçylara jogap berdiler” diýip, ol dowam edýär.

“Adamlaryň arasynda galagoplyk başlandy. Özleriniň zerur işi bilen barmaly sagatlaryny öňünden planlaşdyran ýolagçylaryň köpüsi gaharlanýardy. Ýolagçylaryň arasynda daşary ýurt reýslerine ýetişmeli ýolagçylar hem kändi. Emma ýolagçylar uçaryň gijä galdyrylmagy barada hiç bir maglumat alyp bilmeýärdiler.

Registrasiýadan geçen adamlara yzyna çykmaga hem rugsat berilmeýärdi. Darajyk zalyň içinde iki sagada golaý garaşdyranlaryndan soňra uçara münmäge çagyrdylar. Emma şol iki sagada golaý wagt ýolagçylar üçin iki güne öwrüldi. Gan basyşy peselenlerem, gan basyşy ýokarlananlaram tapylman durmady” diýip, ol aýdýar.

Ajygyp-suwsaýanlar aeroportyň zalynda ýerleşdirlen kafede bar bolan; bahasy 2 manada durýan bir bulgur kofeden, bir gaby 2 manada durýan ýarym litrlik agyz suwundan we beýleki gymmatbaha azyk önümlerinden mejbury almaly bolupdyrlar.

Aşgabadyň içerki reýsleri ugradýan we kabul edýän ‘köne aeroport’ atlandyrylýan bölüminde uçardan düşüp, öz reýsleriniň näme sebäpden gijikdirileni bilen gyzyklanan ýolagçylara bolsa, döwlet ýolbaşçysynyň Türkmenbaşydan Aşgabada uçup gelýänligi sebäpli diýip jogap berlipdir.

“Döwlet ýolbaşçysynyň uçary ozalky köne aeroporta gonmaýan halatynda, köne aeroportyň içerki reýsleriň uçup-gonmagyny amala aşyrýan wagtlaýyn ýapylyp, ýolagçylary kynçylyga sezewar edilmeginiň nämä geregi barka?” diýip, ýolagçylar biri-birine sorag bilen ýüzlenipdirler.

Ýeri gelende bellesek, döwlet ýolbaşçysy bir ýere sapara gitmeli bolanda ýa sapardan gaýdyp gelende, Aşgabadyň köçeleriniň aglabasy iki sagat öňünden ýapylyp, ýolagçylaryň we awtoulaglaryň gatnawyna rugsat berilmeýändigini hem aşgabatlylardan eşitse bolýar.

Bu gadagançylyklar diňe bir aşgabatlylary kösemän, eýsem welaýatlara hem öz täsirni ýetirýändigi barada aýdylýar. 9-njy noýabr güni döwlet ýolbaşçysynyň Türkmenbaşydan Aşgabada uçarda gelmegi bilen bagly içerki reýsleriň ähli welaýatlar boýunça gijikdirilendigi barada ýolagçylar aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG