Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Býujet işgärlerinden çagalaryny çagalar bagyna öwürmegi talap edýärler


Ene we ogul
Ene we ogul

Türkmenistanyň Balkanabat şäheriniň döwlet edara-kärhanalarynda işleýän işgärlerden, öz çagalaryny çagalar bagyna bermek talap edilýär. Muny berjaý etmedik býujet işgärlerine işden çykarylmak haýbaty atylýar diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.

Neşiriň öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 10-njy noýabrda çap eden maglumatyna görä, döwlet kärhanalarynyň, şol sanda mekdepleriň, şäher häkimliginiň we energiýa edaralarynyň ýolbaşçylary, işgärleri, hususan-da, zenan işgärler bilen ýygnaklar geçirýärler.

“Çagalaryňyzy çagalar bagyna gatnadyň ýa-da olar bilen öýüňizde oturyň. Iş orunlaryny eýelemäň” diýip, neşiriň öz maglumatynda Balkanabat şäheriniň Kommunal hojalyk edarasynyň başlygynyň 6-njy noýabrda eden çykyşyny sitirleýär.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary hem tassyklap, şu ýagdaýyň tas ähli döwlet edaralarynda diýen ýaly gaýtalanýandygyny we bu sebäpli býujet işgärleriniň köpüsiniň alaçsyzdygyny belleýärler.

“Çagalar bagyna çagalaryňyzyň gatnamaýandygyny bilsem, gaty görmäň. Siz döwlet tarapyndan kabul edilen karara garşy çykýaňyzmy? Döwlet siziň çagaňyzyň aladasyny edýär. Siz syýasata, jemgyýetiň hereketine garşy çykýaňyzmy? Eger çagaňyz çagalar bagyna gatnamasa, onda siziňem şu edarada işiňiz ýok diýip, aç-açan aýtdylar” diýip, bir mugallyma Azatlygyň ýerli çeşmesine gürrüň berdi.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran balkanly mugallyma soňky ýarym aýyň dowamynda şuňa meňzeş duýduryşlaryň başga-da onlarça edaranyň işgärlerine berlendigini aýtdy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy hem býujet işgärleriniň ençemesine salgylanyp, soňky iki hepdäniň dowamynda edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň çagasy bolan ene-atalary öz kabinetine çagyryp, olaryň çagalarynyň öýdemi ýa-da çagalar bagyna gatnaýandygy bilen gyzyklanýandygyny gürrüň berdi.

“Çagasyny öýde alyp galýan ene-atalara öz çagalaryny ozalkysy ýaly çagalar bagyna ugratmaga görkezme berýärler. ‘Döwlet sizi iş bilen üpjün edýär. Çagalar bagynyň tölegini tölemäge güýjümiz ýetenok diýip, döwlet syýasatyna garşy bolýarsyňyzmy?’ diýip, çagaly ena-atalara edaramyzyň ýolbaşçysy haýbat atdy” diýip, döwlet edaralarynyň birinde işleýän aşgabatly ene Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Belläp geçsek, bu waka Türkmenistanda çagalar baglarynyň tölegleri birden 10 esse ýokarlandyrylandan soň, ýurtda çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň sanynyň göz-görtele azalandygy barada peýda bolan maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Geçen aýyň aýagynda Azatlygyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolan Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy Tuwakbibi tölegleriň gymmatlamagy sebäpli, alýan aýlygynyň hem maşgalasyny eklemäge, hem-de çagalar bagynyň tölegini bermäge ýetmeýändigini aýdyp, öz perzendini çagalar bagyndan alyp galandygyny gürrüň berdi.

Şonda ol öz ýaşaýan sebitinde we welaýatyň beýleki etraplarynda özi ýaly çagasyny çagalar bagyndan alyp galmaga mejbur bolan maşgalalaryň sanynyň onlarçadygyny belläpdi.

Ýatlap geçsek, oktýabr aýynyň 10-da ýurtdaky çagalar baglarynyň tölegleri paýtagtda 10 manatdan, welaýatlarda 8 manatdan 80 manada ýokarlandyryldy. Bu waka ýurtda ene-atalaryň köpüsiniň nägileliklerine, Daşoguz welaýatynda bolsa çagalary çagalar bagyna gatnaýan raýatlaryň ençemesiniň protest ýörişini geçirmegine sebäp bolupdy.

Mundan soň, türkmen häkimiýetleri paýtagtyň käbir ýöriteleşdirilen mekdeplerinde we Dil merkezlerinde hem okuw tölegleriniň gymmatladylýandygyny mälim etdiler.

Geçen aýyň ahyrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Dil merkezinde üç aýlyk dil we kompýuter kurslarynyň tölegleri birden üç esseden hem köp ýokarlandyrylyp, 150 manatdan 500 manada çykaryldy.

Aşgabadyň Parahat-1 etrapçasynda ýerleşýän we “Estetika mekdebi” diýlip atlandyrylýan ýöriteleşdirilen sungat mekdebinde bolsa, 1-nji noýabrdan başlap, bir aýlyk okuw tölegleriniň 12 manatdan, 75 manada çykaryljakdygy habar berildi.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda, degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Balkan welaýat we Aşgabat şäher häkimlikleriniň resmilerinden häzirlikçe kommentariý almak başartmady. Ýurtdaky bu gymmatlamalar we munuň bilen bagly ýaşaýjylaryň başdan geçirýän ýagdaýlary barada, türkmen mediasynda hem mesele gozgalmaýar.

XS
SM
MD
LG