Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenhowaýollarynyň” başlygyna käýinç berildi


Aşgabat aeroporty
Aşgabat aeroporty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy noýabrda geçiren hökümet maslahatynda “Türkmenhowaýollarynyň” başlygy Döwran Sabyrowa işde goýberen kemçilikleri üçin soňky duýduryşyny berdi we berk käýinç yglan etdi.

Döwlet eýeçiligindäki TDH habar gullugynyň maglumatynda bu duýduryşyň we käýinjiň sebäpleri barada anyk maglumat berilmeýär.

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda ýolagçy gatnatmak üçin onlarça täze uçary satyn aldy we uçar menzillerini döwrebaplaşdyrmak üçin milliardlarça dollar harçlady.

Şol bir wagtda, hökümet maslahatlarynda berilýän hasabatlarda “Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçylara edýän hyzmatynyň hiliniň ýyl-ýyldan gowulandyrylýandygy, daşary ýurtlar bilen göni uçar gatnawlarynyň giňeldilýändigi habar berilýär.

Emma ýerli synçylar Türkmenistanyň täze gurlan halkara uçar menziliniň agramly böleginiň ulanylman durandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG