Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hariri Liwanyň sanksiýalaryň töwekgelçiligine düşendigini aýdýar


Liwanyň premýer-ministri Saad Hariri, Beirut, 24-nji oktýabr, 2017
Liwanyň premýer-ministri Saad Hariri, Beirut, 24-nji oktýabr, 2017

Geçen hepdede Liwanyň premýer-ministri wezipesinden çekilendigini yglan eden Saad Hariri öz ýurdunyň aýlagyň arap ýurtlary tarapyndan girizilen sanksiýalaryň töwekgelçiligine düşendigini aýdýar. Bu sanksiýalar Eýran tarapyndan goldanýan Hizbalah toparynyň Liwandaky hereketleri bilen bagly boldy.

Hariri bu barada özüniň howpsuzlygyndan howatyrlanyp, hökümet başyndan çekilýändigini yglan etmeginiň yzýany 12-nji noýabrda Saud Arabystanynda eden telewizion interwýusynda aýtdy.

Hariri öz kararynyň ýurt üçin pozitiw netije berjegine ynam baglady we Eýranyň goşulyşmagynyň regionyň beýleki ýurtlary bilen gatnaşyklary bozmagynyň ähtimaldygyny belledi.

Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky Arap ýurtlaryň koalisiýasy Eýran bilen ýakyn gatnaşygy sebäpli we ony regional terrorçylygy maliýeleşdirmäge ýardam bermekde aýyplap, aýlagyň kiçijik ýurdy Katar bilen hem söwda we diplomatik gatnaşyklary kesipdi.

XS
SM
MD
LG