Sepleriň elýeterliligi

Tramp ASEAN sammitine Koreýa ýarym adasyndaky dartgynlylyga, söwda serediler diýdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (ç) Filipinleriň prezidenti Rodrigo Duterte we Honeylet Awansena

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Filipinlerde başlanýan Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryň (ASEAN) sammitinde Koreýa ýarym adasyndaky dartgynlylygyň we global söwdanyň esasy meseleler boljagyny aýtdy.

Trampyň sammitiň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda žurnalistlere aýtmagyna görä, ol Demirgazyk Koreýanyň raketa synaglary bilen bagly meseläni 13-nji noýabrda Maniladaky sammitiň çäginde Ýaponiýanyň we Awstraliýanyň premýer-ministrleri bilen geçiren duşuşygynda gozgapdyr.

Tramp Şinzo Abe we Malkolm Turnbull bilen geçirilen duşuşygynda söwda ugurndan edilen “uly” öňegidişlikler barada sözländigini aýtdy.

“Biz söwda bilen bagly käbir uly ädimleri ätdik – siziň bilşiňizden has uly” diýip, Tramp žurnalistlere aýtdy.

ABŞ-nyň Aziýanyň uly bölegi bilen söwda gatnaşyklary üýtgäp durýar. Tramp ABŞ-nyň prezidenti wezipesine geçeli bäri ýurduny Ýuwaş okean partnýorlygy ylalaşygyna tarap iterýär.

XS
SM
MD
LG