Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kireý jaýlarda tenini satmakda aýyplanýan türkmen zenanlary tutuldy


Türk mediasynda ýurtda ten söwdasyna garşy yzygiderli gurnalýan operasiýalarda ele salynýan zenanlaryň arasynda türkmenistanly raýatlaryň bardygy beýan edilýär.
Türk mediasynda ýurtda ten söwdasyna garşy yzygiderli gurnalýan operasiýalarda ele salynýan zenanlaryň arasynda türkmenistanly raýatlaryň bardygy beýan edilýär.

Türkiýede ten söwdasynda tutulýan türkmenistanly migrantlar barasynda yzygiderli habarlar çykmagy dowam edýär. Stambulyň Beýlikdüzü we Esenýurt etraplarynda gurnalan operasiýada, gündelik kireýine tutulýan 42 jaýda, ten söwdasyny etmekde aýyplanýan 20 sanysy daşary ýurtly zenan bolan, jemi 35 adam saklanypdyr. Olaryň arasynda türkmenistanly zenanlaryň hem bardygy mälim edilýär.

Türk mediasynda ýaýran habarlarda, Stambul polisi soňky wagtlarda jenaýat, ten söwdasy we ogurlyk ýaly wakalaryň artmagyndan ugur alyp, 3 aýlap alyp baran fiziki we tehniki aňtaw işiniň netijesinde, 11-nji noýabrda agşam sagat dokuz töwereginde, Ahlak býurosynyň işgärleri Beýlikdüzü we Esenýurt etraplaryndaky 52 salgyda, şol bir wagtyň özünde operasiýa geçirdi.

"Beýlikdüzüsakinleri" atly internet neşriniň ýazmagyna görä, içeri işler ministrliginiň ýörite tälimli güýçleriniň goldawynda geçirilen operasiýalarda "guramaçylykly ýagdaýda ten söwdasyny gurnandygy" öňe sürülýän Türkmenistanyň, Moldowanyň, Ukrainanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Ispaniýanyň we Paraguaýyň raýatlary bolan jemi 20 sany daşary ýurtly zenan bilen olaryň "müşderisidigi" güman edilýän 15 adam saklandy. Şol bir wagtyň özünde, öýlerini ten söwdasyny edýänlere gündelik kireýine berendigi güman edilýän 8 adam hem "ten söwdasyna araçylyk etmekde aýyplanyp" kazyýetde suda çekilmegi üçin tussag edildi.

Polis we ýerli çeşmeler ten söwdasynda güman edilip tutulan daşary ýurtly 20 zenanyň arasynda näçesiniň Türkmenistanyň raýatydygy we olaryň ykbaly barasynda jikme-jik maglumat bermeýär.

Türk telekanallarynda görkezilen wideo şekillerde, polisleriň ten söwdasy üçin gündelik kireýine tutulan jaýlarda barlag geçirýän mahaly käbir penjirelerden aşak şübheli zatlaryň we jisimleriň zyňlandygy göze ilýär. Polis işgärleri 1 bikanun rugsatsyz tüpeň bilen 1 kilogram neşe maddasyny tapypdyr. Türk polisi penjirelerden aşak zyňlan zatlaryň hemmesini jikme-jik barlagdan geçirýär. Barlagyň netijesinde güman edilýänlerden 2 sanysy neşe söwdasyndan suda çekilmegi üçin polis merkezine äkidilýär.

Türk metbugaty operasiýada ten söwdasynda aýyplanýan daşary ýurtly zenanlaryň polisdäki işi tamamlanandan soň deportasiýa edilmegi üçin, migrasiýa gullugyna tabşyryljagyny we beýleki saklananlaryň bolsa kazyýetde sud ediljegini habar berýär.

Ten söwdasy üçin jaýlary şertnamasyz ýagdaýda bikanun kireýine beren öý eýelerine, her öý başyna 11 müň türk lirasy, ýagny 2850 amerikan dollary möçberinde jerime kesildi we jaýlar şäher häkimliginiň işgärleri tarapyndan ýapylyp, gapysy möhürlendi.

Gepiň gerdişine görä ýatlap geçsek, Türkiýäniň köpçülikleýin habar serişdelerinde ýurtda ten söwdasyna garşy yzygiderli gurnalýan operasiýalarda ele salynýan daşary ýurtly zenanlaryň arasynda türkmenistanly raýatlaryň bardygy beýan edilýär. Geçen hepde Türkiýäniň Egeý sebitinde ýerleşýän Manisa welaýatynyň respublikan sülçüliginiň geçiren operasiýada biri türkmenistanly iki zenan bilen jemi 21 adam ele salnypdy. Türkiýäniň köptiražly "Milliýet” gazetiniň habaryna görä, türk polisiniň Bodrum şäheriniň Gümbet diýen ýerinde şu ýylyň iýun aýynyň ortasynda we oktýabr aýynyň ahyrynda geçiren operasiýalarynda, ten söwdasynda güman edilýän türkmenistanly zenanlar tutulypdyr. Şu ýylyň aprel aýynyň ahyrynda, Bolu şäheriniň Tabaklar mähellesindäki bir öýe duýdansyz gurnalan operasiýada hem biri 22, beýlekisi bolsa 42 ýaşynda bolan türkmenistanly iki zenan bilen olaryň ten söwdasyny ýola goýup, gazanç etmekde aýyplanýan türk raýaty M.S. atly zenan ele salnypdy. Şeýle-de awgust aýynyň ahyrynda Kojaeli polisiniň kireýine tutulan jaýlarda gurnan operasiýasynda hem ten söwdasynda aýyplanýan Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň raýatlaryndan ybarat bolan 5 sany daşary ýurtly zenanyň tutulandygy we soň deportasiýa edilendigi maglumat berildi.

Sözi jemläp aýtsak, Türkmenistanyň döwlet kontrollyndaky metbugatynda Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň başdan geçirýän ýagdaýlary barasynda söz açylmaýar. Şol wagtyň özünde, şeýle ýagdaýlara duş gelýän türkmen migrantlarynyň ykballary barasynda degişli türkmen ýa-da türk resmilerden jikme-jik maglumat ýa-da haýsam bolsa bir kommentariýa almak hem Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

XS
SM
MD
LG