Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Çuý regionynyň häkimiýetleri gadagan edilen yslamçy toparyň liderini ele salandygyny habar berdiler.
Regionyň polisiýa departamentiniň metbugat-wekili Nurbek Toktosunowyň 13-nji noýabrda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, tussag edilen 47 ýaşly adamyň “Ýakyn Inkar” atly yslamçy herekete uýýan dini jemgyýetiň ýolbaşçysy bolmakda güman edilýär.
Gyrgyzystan Hindistanda döredilen bu hereketi ekstremist diýip, ony 2016-njy ýylda gadagan etdi, emma häkimiýetler bu guramanyň rugsat berilmezden öz ideýalaryny wagyz etmeginden howatyrlanýarlar.
Türkýedenem soň bize türmeistana uradarlar ol oglany!.