Sepleriň elýeterliligi

Zimbabweniň goşuny 'jenaýatçylara garşy' çäre görýändigini aýdyp, harby agdarylyşygy ret edýär


Zimbabweniň prezidenti Robert Mugabe

Harby ulagly esgerler Zimbabweniň paýtagty Harareniň esasy binalarynyň daşynda ýerleşdirildi, ýurduň goşuny munuň “harby agdarylyşyk däldigini” aýdýar.

15-nji noýabrda harbylar özleriniň prezident Robert Mugabeniň daşyndaky “jenaýatçylary nyşana almak” boýunça çäre görýändigini aýtdylar.

Milli telewideniýede eden çykyşynda harbylar 93 ýaşly lideriň we onuň maşgalasynyň “howpsuz we sagdygyny” habar berdiler.

Gijäniň dowamynda Hararede partlamanyň we okuň sesi eşidildi.

ABŞ-nyň Zimbabwedäki ilçihanasy “dowam edýän syýasy durnuksyzlyk” sebäpli amerikan raýatlaryna öz öýlerinde galmagy teklip etdi. Britaniýanyň ilçihanasy şuňa meňzeş duýduryş ýaýradyp, “adaty bolmadyk harby aktiwlige” salgylandy.

Soňky ýagdaýlar Zimbabweniň häkimiýet başyndaky partiýasynyň Mugabeniň mirasdüşeriniň daşyndaky hereketleriň dowamynda ýurduň goşun generalyny dönüklikde aýyplamagynyň yzýany ýüze çykdy.

Robert Mugabe dünýäde iň garry döwlet baştutany bolup, Zimbabweni 1980-nji ýylda ýurduň azlykdaky ak ilatyndan garaşsyzlygyny yglan edeli bäri dolandyrýar.

XS
SM
MD
LG