Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda güýçlenen barlaglaryň howpsuzlyk aladasy bilen baglydygy aýdylýar


Türkmenistan. Polisiýa barlaglary. Arhiw suraty

Azatlygyň ozal hem habar berşi ýaly, Türkmenistanda welaýatlaryň özara serhetleşýän ýerlerindäki we beýleki sebitlerindäki barlag nokatlarynda howpsuzlyk güýçlendirilen çäreleri, şonuň bilen bir wagtda ýolagçylary we olaryň ulaglaryny berk barlamak dowam etdirilýär.

Barlag nokatlaryndaky jogapkär resmileriň käbiriniň tassyklamagyna görä,oktýabr aýynyň soňky hepdesinden bäri dowam edýän barlaglar “ýurda gaçak getirilýän harytlaryň öňüni almak üçin görülýän çäreler” bilen bagly. Emma Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesi bu barlaglaryň diňe gaçak harytlar bilen bagly däldigini, häkimiýetleriň howpsuzlyk aladalarynyň güýçlendnigini habar berýär.

“Maňa aýdylmagyna görä, bu barlaglar gaçak harytlary ýüze çykarmak üçin däl-de, eýsem Owganystandan geçen söweşijileri ýüze çykarmak üçin geçirilýär” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, hökümetde DAIŞ-iň, “Yslam döwleti” toparynyň Türkmenistanda öz güýjüni görkezmekçi bolýandygy hakynda maglumat bar. Şeýle-de ol bu hili aladalaryň Aziýa oýunlaryndan öňem bolandygyny, emma ol wagtky meýilleri dürli usullar bilen gowşatmagyň başardandygyny belleýär.

Şeýle-de çeşme, şu aladalar sebäpli Aşgabadyň 15-nji dekabrdan 10-15-nji ýanwara çenli, Aziýa oýunlary döwründe bolşy ýaly, başga şäherlileriň, hatda Ahal welaýatynyň transporty üçin hem ýapylmagynyň ahmaldygyny habar berýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Panniýer bu habar barada pikirini paýlaşyp, türkmen hökümetiniň howpsuzlyk ýagdaýyndan, hususan-da içerki howpsuzlykdan aşa alada galýandygynyň öňräk belli bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de ekspert şu ýylyň maý, iýun aýlarynda Owganystandan Türkmenistana geçendigi çak edilýän adamlaryň, öz maglumatyna görä, “Yslam toparynyň” agzalarydygyny belledi. “Olaryň dördüsi tussag edildi, ýöne serhetden geçen söweşijileriň ondan kän bolandygy ýa däldigi aýdyň däl" diýip, Panniýer sözüniň üstüni ýetirdi.

Mundanam başga, ekspertiň tassyklamagyna görä, demirgazyk Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän ýerlerinde, Jowuzjan, Farýap, Hyrat welaýatlarynda özlerini DAIŞ, ýagny “Yslam döwleti” toparynyň agzalary diýip atlandyrýan toparlar barha aktiw görünýär we bu fakty inkär etmek mümkin däl.

Ekspertiň pikirine görä, Türkmenistan bilen serhet YD söweşijileriniň hüjüm üçin saýlap aljak iň bir gowşak goragly ýeri bolup durýar; Özbegistan, Täjigistan bilen serhetler türkmen serhetlerine görä has berk goralýar.

Azatlygyň çeşmesiniň döwletdäki çeşmä salgylanyp berýän ýene bir maglumatyna görä, Türkmenistandaky barlaglaryň güýçlendirilmegi ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, halkyň hökümetden nägileliginiň ösmegi bilen bagly.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG