Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köýtendagda býujet işgärleri we mekdep okuwçylary pagta ýygmaga mejbur edilýär


Türkmenistanyň Daşoguz welaýatyndaky ekin meýdanlarda pagta ýygýan çagalar. "Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşirinden alnan surat
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatyndaky ekin meýdanlarda pagta ýygýan çagalar. "Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşirinden alnan surat

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky döwlete degişli edara-kärhanalarda işleýän işgärleriň we mekdep okuwçylarynyň tas ählisiniň diýen ýaly, pagta ýygymyna mejbury çekilýändigini, bu etrabyň käbir ýaşaýjylary habar berýärler.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran köýtendagly lukman býujet işgärleriniň hem öz wezipesini ýerine ýetirmelidigini, hem-de öz ýerine hakyna adam tutup, pagta ýygymyna ugratmalydygyny aýtdy.

“Alan aýlyklarymyzyň ýarysy deregimize pagta çykýan adama gidýär. Hem işleýäris, hem-de deregimize pagta çykýan adama günde 10 manat berýäris. Köýtendagda ähli wezipedäki işgärlerden hökmany suratda pagta çykmaklyk talap edilýär” diýip, saglyk işgäri özüne derek pagta ýygjak adamy hakyna tutmandygy üçin, özüniň işden çykarylandygyny gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol bu çärä mekdep okuwçylarynyň hem tas ählisiniň diýen ýaly çekilýändigini, pagta ýygymy döwründe çagalary ýylan çakyp, olaryň heläkçilige uçramagy ýaly wakalaryň hem bolýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Mekdep okuwçylarynyň käbirini pagta ýygýan mahaly, ýylan çakýar. Ýylan çakmagyndan çagalaryň ölmegi ýaly wakalar hem boldy. Ýaşlar biziň geljegimiz, olar bilim, ylym almaly. Ekin meýdanlarynda pagta ýygmaly däl. Döwlet işgärlerem öz işini ýerine ýetirmeli. Gar bolsun, ýagyş bolsun – tapawudy ýok; okuwçylaram, işgärlerem pagta ýygmaga mejbur edilýär” diýip, saglyk işgäri belleýär.

Ýatlap geçsek, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki beýleki çeşmeleri hem Türkmenistanyň Ahal, Mary we Daşoguz welaýatlaryndaky oba hem-de etrap mekdeplerinde 5-11-nji klas okuwçylaryň tas ählisiniň diýen ýaly pagta ýygymyna mejbury çekilýändigini oktýabr aýynyň ahyrynda habar beripdiler.

Mundan öň bolsa, has takygy şol aýyň başyna agzalýan welaýatlaryň etrapdyr obalaryndaky býujet işgärleriniň aglabasynyň pagta ýygmaga mejbur edilýändigi, bu çärä gatnaşmak islemeýänleriň öz deregine hakyna ýygymçy tutmaly bolýandygy barada maglumatlar gelip gowşupdy.

Şeýle-de, 5-nji noýabrda “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri ýurduň Daşoguz we Lebap welaýatlaryndaky ekin meýdanlarynda ýetginjek ýaşyna ýetmedik mekdep okuwçylarynyň pagta ýygýan pursatlaryny şekillendirýän ýörite suratlary çap etdi.

Galyberse-de, býujet işgärleriniň we mekdep okuwçylarynyň pagta ýygymyna çekilmegi, 22-nji oktýabrda türkmen daýhanlarynyň ýurduň harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendigi resmi taýdan yglan edilendigine garamazdan dowam edýär.

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň pagta ýygymyna çekilmegi resmi taýdan gadagan edilse-de, türkmen häkimiýetleri halkara hukuk goraýjy guramalar tarapyndan pagtaçylykda mejbury zähmetden we çaga zähmetinden peýdalanmakda tankyt edilýär.

2016-njy ýylyň fewral aýynda Şwesiýanyň egin-eşik lomaý söwda halkara H&M kompaniýasy Türkmenistandan pagta satyn almagyny duruzdy. Kompaniýanyň ýaýradan beýanatynda bellenmegine görä, muňa Türkmenistanda pagta ýetişdirilende çaga zähmetiniň ulanylmagy sebäp boldy.

Şol ýylyň maý aýynda öý goşlaryny we hojalyk esbaplaryny öndürýän we satýan dünýä belli IKEA kompaniýasy Türkmenistanda pagta ýygymy döwründe mejbury zähmet we adam hukuklarynyň depelenmegi bilen bagly ýagdaýlar ýüze çyksa, türkmen pagtasyndan ýüz öwürjekdigini aýdypdy.

Türkmen häkimiýetleri bu aýyplamalary häzire çenli ne inkär edýärler, ne-de tassyklaýarlar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Türkmenistan şu ýyl 545 müň gektar ýere pagta ekip, pagta ýygymyna 30-njy awgustda girişdi we türkmen prezidenti pagta hasylyny ýurtda 27-nji oktýabrda bellenilýän Garaşsyzlyk gününe çenli tamamlamagy tabşyrypdy.

XS
SM
MD
LG