Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Interneti ösdürmek boýunça ýörite maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdy


Aşgabatdaky Internet kafeleriň birinde Internetden peýdalanýan ýaşlar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlaryna, Mejlise we Ylymlar akademiýasyna ýurtda Internet we elektron ulgamlaryny ösdürmek boýunça ýörite maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdy.

Resmi metbugatyň 16-njy noýabrda beren maglumatyna görä, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda, ýurduň iň alysdaky künjeklerinde internetiň giňden elýeterliligini üpjün etmek arkaly aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberlerini, hilini we görnüşlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri taslamalaryň tutuş toplumyny durmuşa geçirmäge girişýär.

“Ilatyň artýan isleglerini nazara almak bilen, “Altyn Asyr” milli operatory Türkmenistany ykjam aragatnaşyk, şol sanda 3G, 4G, ýakyn geljekde bolsa 5G ýokary tizlikli internet we beýleki ykjam aragatnaşyk hyzmatlary bilen doly üpjün etmek derejesine çykmalydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, ýurt boýunça üpjünçilik 100 göterime barabar bolar” diýlip, resmi habarda bellenilýär.

Häzirki döwürde Aşgabat şäheri boýunça ortaça sekuntda 20 Gigabit bolan maglumat geçirijilik tizliginiň bardygy, ýöne ýakyn geljekde tizligi 5 esse ýokarlandyryp, sekuntda 100 Gigabit bolan maglumat geçiriji ulag ulgamyny döretmegiň göz öňünde tutulýandygy aýdylýar.

Şeýle-de, welaýat merkezlerinde maglumat geçirijiniň sekuntdaky tizliginiň 40 Gigabit derejede bolup, etrap merkezlerinde bu maglumatlaryň 10 Gigabit tizliginde geçiriljekdigi, etrap merkezleri bilen daýhan birleşikleriniň arasyndaky tizligiň 4 Gigabide çenli boljakdygy bellenilýär. Emma habarda bu hyzmatlaryň haçan amala aşjakdygy barada anyk bir zat aýdylmaýar.

“Internet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak” taslamasynyň çäginde, Türkmenistanyň raýatlarynyň elektron hyzmatlaryny doly möçberde ulanmaklaryny üpjün etmek maksady bilen, ID-kartlarynyň giriziljekdigi, munuň içerki pasportlary çalyşýan kartlar boljakdygy bellenilýär.

Aýdylmagyna görä, ID-kartasy şahsyýeti tassyklaýan resminama bolup, ol kartyň eýesi barada doly maglumaty, onuň suratyny, şahsy belgisini, golunyň nusgasyny we biometrik maglumatlaryny öz içine alýar.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanda ilatyň Internet elýeterliligi öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda, şahsy adamlar üçin doly diýen ýaly ýapykdy.

2007-nji ýylyň başyndaky prezident saýlawlary kampaniýasy döwründe Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ilatyna Internet elýeterliligini wada beripdi. Emma muňa garamazdan, Türkmenistan dünýäde öz ilatynyň Internet ulanmagyny iň kän çäklendirýän ýa-da ýeterlik mümkinçilik döretmedik döwletleriň hatarynda agzalýar.

Birleşen Ştatlarda internet hyzmatlary boýunça ýöriteleşen “Akamai Technologies” guramasynyň dünýä ýurtlarynda internetiň ulanylyşy we elýeterliligi boýunça soňky geçirilen barlaglar esasynda çap eden täze hasabatynda, Türkmenistan öz ilatynyň Internet elýeterliligini 20 prosentden hem aşakda saklaýan ýurtlaryň arasynda agzalýar. Bu görkeziji dünýäniň ykdysady taýdan ösen we baý ýurtlarynyň köpüsinde 90 prosentden hem ýokarda bolup durýar.

Şu ýylyň oktýabr aýynda Russiýanyň habar serişdeleriniň “yamobi” Internet-proýektiniň analitikleriniň geçiren barlaglaryna salgylanyp beren maglumatlaryna görä, Türkmenistan Internetiň gymmatlygy boýunça 100 ýurtdan 97-nji orunda ýerleşdirildi.

Mundanam başga, Türkmenistan iň haýal tizlikli Internet bilen birlikde, Interneti juda çäklendirýän ýurtlaryň arasynda hem agzalýar. Ýurtda Facebook, Twitter, Wkontakte ýaly sosial ulgamlaryň we garaşsyz maglumatlary çap edýän, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýtlary hem petikli bolmagyna galýar.

Galyberse-de, Türkmenistan media azatlygy boýunça halkara hasabatlarynda ýyldan-ýyla iň ýaramaz görkezijilerde ýerleşdirilip, prezident G. Berdimuhamedow “Serhetsiz reportýorlar” guramasy tarapyndan internetiň “ganym duşmany” diýip atlandyrylýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG