Sepleriň elýeterliligi

Pul ibermek gadagançylygy daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentlerini nä günlere salýar?


Türkiýe, Kiriklareli şäherinde olaýan türkmen studentleri. Arhiw suraty

Türkmenistanda şu ýylyň 1-nji noýabryndan başlap, raýatlaryň daşary ýurtlaryň kollejlerinde, ýagny hünär mekdeplerinde okaýan çagalaryna “Western Union” we “Money Gram” arkaly pul ibermegine gadagançylyk girizildi.

Eýsem, bu gadagançylyk günbatar ýurtlarynda okaýan we Türkiýedäki türkmenistanly studentlere nähili täsir ýetirdi?

Daşary ýurtlardaky studentler indi nähili çykalga gözleýärler ýa-da pul ibermek problemasyna nähili çözgüt tapdylar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň çekýän pul kynçylyklaryna gönükdirýär.

Ýewropada okaýan türkmen studentlerinden Bahar, Türkiýedäki studentlerden Myrat we Gözel dagy täze girizilen gadaganlygyň studentleriň durmuşyna ýetirýän täsirlerini gürrüň berýärler.

Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky tejribeleriňizi we pikirleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG