Sepleriň elýeterliligi

Zimbabwäniň dolandyrjy partiýasy prezident Robert Mugabäni başlyklykdan boşatdy


Robert Mugabe

Zimbabweden gelýän habarlarda ýurduň dolandyrjy partiýasynyň prezident Robert Mugabäni öz liderliginden boşadandygy aýdylýar.

ZANU-PF partiýasynyň resmileri 19-njy noýabrda adatdan daşary maslahat geçirip, Mugabäniň ornuna golaýda işde boşadylan wise-prezident Emmerson Mnangagwany geçirendiklerini aýtdylar.

Mugabäni aýalyGreýs hem partiýadan çykaryldy diýip, habarlarda aýdylýar.

18-nji noýabrda on müňlerçe zimbabweli paýtagt Harareniň köçelerine çykyp, ençeme ýyla çeken ykdysady kynçylyklardan we hukuk bozulmalaryndan soň, Mugabä garşydyklaryny görkezdiler.

Zimbabwäniň harbylary 15-nji noýabrda gansyz döwlet agdarylyşygyny geçirip, 93 ýaşyndaky prezidenti öý tussagy etdi we onuň ýaranlarynyň birnäçesini tussag astyna aldy.

Bu çäreMugabe öz ornuna geçmegine garaşylýan Mnangagwany işden boşadyp, aýaly Greýs Mugabä prezident bolmaga ýol arçandan soň görüldi.

XS
SM
MD
LG