Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Korrupsiýa garşy göreşmeýän “Anti-korrupsiýa” kampaniýalary


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky korrupsiýa garşy göreş kampaniýalaryny we olar boýunça alnyp barylýan derňewleri synlamak gaty gyzykly.

Aslyýetinde, ol kampaniýalar örän seýrek ýagdaýda korrpusiýany aradan aýyrmaga çalyşýar.

Merkezi Aziýada korrupsiýa örän uly problema bolup, ol ýerde häkimiýetler ýygy-ýygydan korrupsiýa garşy täze-täze göreşleri yglan edip durýarlar.

Öz ýurtlaryndaky korrupsiýanyň esasy özeni barada sorasaň gazak, gyrgyz, täjik, türkmen we özbek raýatlary (assyrynlykda) öz hökümetlerine barmak çommaldarlar.

Hökümetiň agzalarynyň her niçigem bolsa ählisiniň korrupsiýa baş goşýandygy baradaky pikir Merkezi Aziýada giňden ýaýran.

Eger-de bu dogry bolsa, beýle diýildigi hökümetiň islendik agzasynyň haçan-da bolsa bir wagt korrupsiýa baş goşup bilýändigini alamatlandyrýar. Bu ýagdaý syýasy ýaranlyklaryň ähmiýetini has-da artdyryp, öz içinde elitanyň arasynda birek-birege garşy “düýpli göreşe” sebäp bolýar.

Bu ýagdaý näme üçin resmileriň we beýleki täsirli şahsyýetleriň korrupsiýa aýyplamalary esasynda saklanýandygy, tussag edilýändigi ýa-da türmä basylýandyklary dogrusynda soraglaryň döremegine getirýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunda soňky gezek korrupsiýa garşy göreşi maý aýynyň başlarynda yglan etdi. Şonda korrupsiýa garşy göreşe erk edip bilmezlikde aýyplanyp, Baş prokuror Amanmyrat Hallyýew bilen bilelikde dokuz regional we şäher prokurory wezipelerinden boşadyldy. Aradan bir hepde geçensoň, olar korrupsiýa aýyplamalary esasynda tussag edildiler.

Ýöne halk arasynda Azatlyk diýlip tanalýan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy türkmen hökümetindäki, şol sanda Içeri işler ministrligindäki adamlardan, Hallyýewiň basylmagynyň başgaçarak sebäpleri barada habarly boldy.

Türkmen häkimiýetleri Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan adamlary kösemäge meýilli bolansoň, atlandyrylmazlyk şerti bilen gürrüň beren şol çeşmeler Hallyewiň Türkmenistanda geçirilen Aziýa oýunlaryna telekeçilerden zerur serişdeleri toplap bilmändigi sebäpli işden boşadylandygyny aýtdylar.

Käbir gürrüňdeşler Hallyýewiň Aşgabadyň soran puluny tapyp bilmändigini öňe süren bolsa, käbirleri onuň we beýleki prokurorlaryň şol ýygnalan puldan 15 million dollary ogurlajak bolanlarynda tutulandygyny aýtdylar.

Hakykat nähili bolaýanda-da, Hallyewiň wezipeden boşadylmagy ýurduň Baş prokurorlygynda we Içeri işler ministrliginde tutha-tutluga badalga berdi. Onlarça adam eýeleýän wezipesinden boşadyldy.

Iýun aýynda Berdimuhamedow Ykdysady jenaýatlara garşy döwlet gullugynyň döredilýändigini yglan etdi.

Ýyllaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary korrupsiýa garşy göreşýän gulluklary döredip gelýärler, ýöne Türkmenistan hiç haçan beýle etmändi.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän “IHS Markit” atly barlag kompaniýasynyň ýokary derejeli synçysy Aleks Melikişwiliden Türkmenistanyň näme sebäpden korrupsiýa garşy göreş gullugyna zerurlyk duýandygy bilen gyzyklandy.

Melikişwili munuň sebäbini mümkin bolan birnäçe faktorlar bilen düşündirdi. Beýleki birnäçe sebäpler bilen bir hatarda “korrupsiýa garşy göreşmekde resmi mehanizmiň döredilmegi türkmen hökümeti, hamana, korrupsiýa çynlakaý çemeleşýär diýen pikiri döredýär” diýip, Melikişwili aýtdy.

“Diňe ykdysady jenaýatlara garşy göreşmekde döwlet derejesinde gullugyň döredilmegi türkmen resmilerine daşary ýurtly maýadarlar we halkara maliýe edaralary bilen gepleşiklerde daýanç nokady bolup hyzmat etmelidi. Bu bolsa Türkmenistanyň umumy inwestisiýa ukyplylygyna oňyn täsir etmelidi” diýip, Melikişwili aýtdy.

Türkmenistana häzirki wagtda daşary ýurtly maýadarlar örän wajyp. Türkmenistanyň tebigy gaz baýlygy boýunça dünýäde dördünji ýerde durýandygyna garamazdan, ýurtda 26 ýyllap dowam eden izolýasionist, ýagny “üzňelik” daşary syýasaty, adam hukuklarynyň kemsidilmegi, geň galdyrýan maliýe bulançaklygy bu ýurdy daşarky maýadarlar üçin oňaýsyz ýurda öwürdi.

Ýöne Melikişwili Ykdasady jenaýatlara garşy döwlet gullugynyň döredilmeginiň has gyssagly sebäpleriniň bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

“Bu gullugyň döwletiň barha ýukalýan “gapjygyny” doldurmak maksady bilen ýokary derejeli döwlet resmilerini we telekeçileri sarsdyryp, silterlemekde ulanylmagy mümkin” diýip, synçy aýtdy.

Azatlyk we türkmen oppozisiýa websaýtlary “Hronika Türkmenistan” we “Türkmenistandan alternatiw habarlar” Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryndan ozalky hepdeleriň dowamynda bolan şeýle “silterlemeler” barada habarlary çap edipdiler.

Hallyýewiň syýasy taýdan syndyrylmagy we Baş prokuraturanyň hem-de Içeri işler ministrliginiň ysgyndan düşürilmegi ýurtdaky barha azalýan girdeji çeşmeleriniň ugrunda ministrlikleriň we agentlikleriň arasynda ahmal bolan göreşiň ähtimallyklary baradaky pikiri döredýär.

“Kişlok owozi” indiki makalada güýç we korrupsiýa barada Merkezi Aziýada şu wagta çenli görlüp-eşidilen iň bir geň-taň wakalary, ýagny Türkmenistanyň “Demir zenany” Gurbanbibi Atajanowa baradaky gürrüňleri siziň dykgatyňyza ýetirer.

Bu makalada aýdylan pikirler AÝ/AR-yň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG