Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Ýarym ýerzeminlerdäki dükanlaryň tölegleri telim esse ýokarlandyryldy


Aşgabatda köp gatly jaýyň ýarym ýerzemininde ýerleşen dükan. Arhiwden alnan surat

Türkmen häkimiýetleri şahsy söwdagärlere kärendesine berilýän dükanlaryň aýlyk kärende we beýleki goşmaça töleglerini telim esse ýokarlandyrdylar.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, geçen hepde aglabasy ýarym ýerzeminlerde ýerleşýän dükanlary kärendesine alýan söwdagärlere 2018-nji ýyl üçin şertnamalaryny täzelemek barada görkezme berildi. Aşgabat şäher we etrap häkimlikleri tarapyndan berlen bu görkezmäniň netijesinde, söwdagärler özleriniň kärende we beýleki tölegleriniň ýokarlandyrylandygyny bilip galdylar.

“Ozalky ýyllarda söwda etmek üçin kärendesine alnan ýeriň diňe ulanylýan meýdanyna tölenýän eken. Indi şol jaýyň umumy meýdany, ýagny onuň hajathanasyny, el ýuwulýan ýerini, ýörelýän ýerini – hemmesini metrme-metr ölçäp, ählisini tölegli edipdirler. Özem şol tölegiň öňki ýaly 1m2-e 12 teňňe däl-de, 63 teňňe bolandygyny, şol 63 teňňäniň üstüne-de ýene-de 20% NDS, ýagny goşmaça gymmatyň hem tölenmelidigini aýdýarlar. Şeýlelikde, her kwadratmetre tölenýän töleg ortaça 1 manada golaýlaýar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran aşgabatly synçy ýarym ýerzeminlerde söwda-satyk bilen meşgullanýan söwdagärleriň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Gürrüňi edilýän dükanlaryň kärende tölegi bilen bir hatarda, elektrik energiýasynyň, suwuň, lagym ulgamyndan peýdalanmak boýunça hyzmatlaryň tölegleri hem ýokarlandyryldy.

Mundan ozal, dükanlary kärendesine alan söwdagärler elektrik energiýasynyň her 100 kWt sagady üçin 2,3 manat tölän bolsalar, indi bu töleg 7,53 manada çenli ýokarlandyryldy. Şeýle-de, söwdagärler suwuň 1 m3 üçin ozal 50 teňňe tölän bolsa, indi 55 teňňe tölemeli bolýarlar. Bir aýda 1 adam üçin lagym ulgamyndan peýdalanmak boýunça hyzmatlar öň 5 teňňe bolsa, häzir bu töleg 40 teňňe möçberinde diýlip kesgitlenildi.

Paýtagtyň ýarym ýerzeminlerindäki söwdagärleriň käbirleri özleriniň söwdasynyň häzirem o diýen öwerlikli däldigini aýdyp, kärende we beýleki tölegleriň ýokarlandyrylmagy netijesinde, özleriniň zyýanyna işlemeli boljakdygyny, şol sebäpli häzirki wagt öz dükanlaryny yzyna tabşyrmak barada oýlanýandyklaryny belleýärler.

“Her aýda iň azyndan 3000 kWt elektrik energiýasyny ulanýarys. Şeýlelikde, diňe toguň tölegi 200 manatdan hem aşýar. Kärende ýeriniň hem her 1m2-niň tölegi 1 manatdan geçýär. Beýleki tölegleri aýdybam oturmaýyn. Şeýlelikde, häzirki wagt 2018-nji ýyl üçin dükanlary kärendesine almagy dowam etmekde ýaýdanýarys. Sebäbi söwdadan geljek girdejiniň maşgalamyzy eklemegi beýle-de dursun, dükanyň öz-özüni ödemegine hem ýetip-ýetmejegini bilemizok” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran paýtagtly söwdagär Azatlygyň ýerli çeşmesine gürrüň berdi.

Aşgabadyň şäher we etrap häkimlikleri şahsy söwdagärlere kärendesine berilýän dükanlaryň aýlyk kärende we beýleki goşmaça tölegleriniň ýokarlandyrylmagynyň sebäpleri barada, häzirlikçe resmi düşündiriş bermeýärler. Bu mesele boýunça Azatlyk Radiosyna hem goşmaça maglumat almak başartmady.

Ýeri gelende ýatlatsak, paýtagtyň ýarym ýermezinlerindäki dükanlaryň tölegleriniň gymmatladylmagy, şu ýylyň oktýabrynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda, ilata indi 25 ýyla golaý wagt bäri ‘mugt’ berilýän hyzmatlaryň tölegli edilmeginiň we çagalar baglarynyň, şeýle-de ýöriteleşdirilen mekdepleriň, Dil merkezleriniň tölegleriniň telim esse ýokarlandyrylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Mundanam başga, 1-nji noýabrdan başlap ýurtda saglyk ätiýaçlandyryş tölegleri 50%, jemgyýetçilik awtobus gatnawlarynyň tölegleri 30 teňňeden 50 teňňä ýokarlandyryldy.

Bularyň ählisi, dünýäde energiýa serişdeleriniň bahalarynyň aşaklamagy netijesinde, Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwre gabat geldi.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň käbirleri ýurtdaky bu gymmatlamalaryň, türkmen häkimiýetleriniň döwlet býujetine gelýän girdejini artdyrmak tagallalarynyň bir bölegidigini aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG