Sepleriň elýeterliligi

Aşgabadyň awtobuslaryndaky kartly töleg düzgüni welaýatlylary kyn güne salýar


Aşgabatda jemgyýetçilik awtobusyna münjek bolýan ýaşaýjylar. Arhiwden alnan surat

Aşgabadyň jemgyýetçilik transport serişdelerinde täze girizilen kartly töleg düzgüniniň, welaýatlardan paýtagta sapar edýän türkmenistanlylar üçin kynçylyk döredýändigi habar berilýär.

Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, şu günler awtobus sürüjileri ýörite kartlar arkaly tölegleri amala aşyrmadyk aşgabatlylara, şeýle-de welaýatlardan gelen ýolagçylara dessine 50 manat möçberinde pul jerimesini ýazýarlar.

“Paýtagtyň awtobuslaryna münenimde, 50 teňňe tölegini berjek boldum. Ýöne awtobus sürüjisi plastik kart bolmasa, nagt töleg kabul etmeýändigini aýdyp, maňa 50 manat möçberinde jerime ýazdy. Men özümiň welaýatdan gelendigimi aýtsamam, meni diňlemedi. Üstesine-de, meni awtobusdan düşürdi” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran maryly 35 ýaşlaryndaky zenan Azatlygyň ýerli çeşmesine gürrüň berdi.

Ýatlap geçsek, şu ýylyň 1-nji noýabryndan başlap, Aşgabadyň jemgyýetçilik transport serişdelerinde bir ugur boýunça tölegler 30 teňňeden 50 teňňä ýokarlandyryldy. Munuň bilen birlikde, paýtagtda bu tölegleri nagt däl görnüşde, ýagny diňe plastik kartlar arkaly amala aşyrmak düzgüni hem girizildi.

Aşgabadyň awtobuslarynda kartlar arkaly ýol töleglerini kabul edýän enjam
Aşgabadyň awtobuslarynda kartlar arkaly ýol töleglerini kabul edýän enjam

Maryly zenanyň sözlerine görä, paýtagtda jemgyýetçilik transport töleglerini kartlar arkaly amala aşyrmak düzgünine geçirilendigi barada welaýat gazetlerinde hiç hili bildiriş çap edilmedi. Şeýle-de, welaýatlardan Aşgabada gezelenje gelen adamlaryň hem bu karty satyn almalydygy barada telewideniýede-de ilat köpçüligine maglumat berilmändir.

“Welaýatlardan paýtagta gelýän adamlaryň köpüsi bu täze düzgün barada hiç zat bilmeýärler. Şol sebäpli awtobus sürüjileri tölegleri kartlar arkaly amala aşyrmadyk adamlaryň tas ählisine jerime salýarlar Ýogsam, ýolagçylar özleriniň birsalym ozal beýleki welaýatlardan gelendigi hakyndaky otly biletini ýa-da pasportda ýazga duran ýerini hem görkezýärler. Ýöne awtobus sürüjileri bularyň hijisini diňlemeýärler” diýip, maryly zenan belledi.

Galyberse-de, ol gürrüňi edilýän kartlaryň paýtagtyň poçta we bank bölümlerinde satylýandygyny, Aşgabadyň otly wokzalynda bolsa, şeýle edaralaryň ofis jaýlarynyň ýokdugyny sözüniň üstüne goşdy.

“Paýtagtyň otly wokzalynda plastik kartlary satýan poçta we bank bölümleri ýok. Onsoň welaýatdan gelen adamlar paýtagtyň dürli sebitlerinde ýerleşýän bu bölümlere baryp, kartlary satyn almak üçinem transport serişdesinden peýdalanmaly. Muny nädip amala aşyrmaly? Galyberse-de, poçta we bank bölümleri adatça irden sagat 8 bilen giçlik sagat 6 aralygynda işleýär. Olaryň öýlän arakesmesinde 1 ýarym sagat çemesi ýapyk bolýandygyny aýdybam oturmaýyn. Şeýlelikde, bu edaralar ýapyk wagty, ýagny ir säher ýa-da giçlik sagat 6-dan soň Aşgabada gelen ýolagçylar näme etmeli? Olar kartlary nireden satyn almaly? Ertesi güni bu edaralar açylýança, wokzalda oturmalymy? Täze düzgün girizilip bilner, ýöne ilki bilen ýurt raýatlarynyň bu düzgüni amal etmegi üçin şert döredilmeli, soňra ony ýola goýmaly” diýip, maryly zenan aýdýar.

Ýeri gelende bellesek, gürrüňi edilýän kartlar 5 manatdan satylyp, pensionerleriň bu kartlar arkaly bir aýlyk ýol petegi 1 manada, mekdep okuwçylarynyňky we studentleriňki 2 manada barabardyr. Adaty raýatlar her gezeginde öz kartlaryna 20 manat möçberinde pul serişdesini salyp bilýärler we olaryň bir gezeklik ýol petegi 50 teňňe möçberinde diýlip kesgitlenilýär.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri 1-nji noýabrdan başlap Aşgabadyň jemgyýetçilik transport gatnawlarynda raýatlaryň tölegleri diňe kartlar arkaly amala aşyrmalydygyny, muny berjaý etmediklere pul jerimesiniň salynjakdygyny tekrarlasalar-da, bu täze düzgüniň welaýatlardan paýtagta gelýän türkmenistanlylara ýetirýän täsirleri barada häzirlikçe mesele gozgaman gelýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG