Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaaga sudy Owganystanda uruş jenaýatçylyklaryny derňemek üçin ygtyýarnama gözleýär


Halkara jenaýatçylyklaryna seredýän Gaaga sudy
Halkara jenaýatçylyklaryna seredýän Gaaga sudy

Halkara jenaýatçylyklaryna seredýän Gaaga sudy Owganystanda uruş jenaýatçylyklaryny, şol sanda ABŞ-nyň harbylary we Merkezi aňtaw gullugy, owgan howpsuzlyk güýçleri hem “Talybanyň” söweşijileri bilen bagly ýagdaýlary derňemek üçin ygtyýar almaga çalyşýandygyny yglan etdi.

20-nji noýabrda edilen bu beýanat Gaaga sudunyň baş prokurory Fatou Bensoudanyň amerikanlary güman edilýän uruş jenaýatçylyklary bilen baglylykda agzamagyna degişli ilkinji ýagdaý boldy.

Bensouda halkara tribunaly tarapyndan derňew geçirilmeginiň Owganystanda “tas doly temmisizligiň” soňyna çykyp biljegini belledi.

ABŞ-nyň Döwlet Departamenti bu talaby öwrenýändigini, emma suduň Owganystana goşulmagyna garşy çykýandygyny aýtdy.

“Halkara jenaýat sudunyň ABŞ-nyň harbylary babatyndaky derňewleri doly delilsiz hem adalatsyz bolup biler” diýip, Döwlet departamenti öz beýanatynda aýtdy we derňewleriň “Owganystanda parahatçylygyň we adalatyň bähbitlerini göz öňünde tutmaýandygyny” belledi.

XS
SM
MD
LG