Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Ýewromaýdan protestleriniň dördünji ýyl dönümini belleýär


Ukraina Ýewromaýdan protestleriniň ýyl dönümini belleýär, 21-nji noýabr, 2017
Ukraina Ýewromaýdan protestleriniň ýyl dönümini belleýär, 21-nji noýabr, 2017

Ukraina Ýewromaýdan protestleriniň başlanan gününiň ýyl dönüminde Mertebe we azatlyk gününi belleýär. 2013-nji ýylda üç aýlap dowam eden protestleriň netijesinde Ukrainanyň şol wagtky prezidenti Wiktor Ýanukowiç wezipesinden çetleşdirilipdi.

Prezident Petro Poroşenko we onuň aýaly Maryna, premýer-ministr Wolodymyr Hroysman we parlamentiň spikeri Andriy Parubiy 21-nji noýabrda Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda ýerleşýän ýadygärlige gül goýdular we şem ýakdylar. Bu ýadygärlik protestleriň dowamynda howpsuzlyk güýçleriň demonstrantlara güýç görkezmegi zerarly wepat bolan onlarça adamyň hatyrasyna dikilipdi.

Ýewromaýdan hereketi prezident Wiktor Ýanukowiçiň Ukrainanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda has ýakyn ykdysady gatnaşyklary göz öňünde tutýan ylalaşyga gol çekmekden ýüz öwürmek planyny yglan etmeginiň yzýany Kiýewiň merkezinde protestçileriň jemlenmeginden soň döräpdi.

2014-nji ýylyň fewral aýynda Ýanukowiç krizisi soňlamak üçin öz garşydaşlary bilen ylalaşyk baglaşdy, emma gysga wagtda wezipesini terk edip, Orsýete gaçyp çykdy.

Moskwa Ukrainadaky ýagdaýa jogap berip, 2014-nji ýylyň mart aýynda Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşdy.

XS
SM
MD
LG