Sepleriň elýeterliligi

Hindistanda musulmanlara hüjüm edip, sygyrlaryny elinden alýarlar


Hindistanyň Kalkutta sebitinde sygyrlaryň soýulmagyny gadagan eden kanuna goldaw berýän hindiler. 2010-njy ýyl.

Şu ýylyň aprel aýynda Rajastan ştatynda 55 ýaşyndaky musulman Pehlu Hanyň urlup-ýenjilip öldürilişi barada wideo şekil ýaýradyldy.

Wideo şekilde bir toparyň Hany depgileýändigi, başga bir toparyň bolsa onuň sygyrlaryny ogurlaýandygy göze ilýär.

Soň ogurlanan sygyrlar golaýdaky "Sygyrlaryň goraghanasyna" äkidilýär.

Şeýle "goraghanalardaky" sygyrlar satuwa çykarylýar we olaryň puly bolsa ýerli hindi jemgyýetine tabşyrylýar.

"Amerikanyň sesi" radiosynyň 16-njy noýabrda çap eden makalasynda aýdylşyna görä, Hindistanyň 1,3 milliard umumy ilatynyň 14 göterimi musulmanlardyr.

Soňky ýyllarda radikal hindileriň musulmanlara garşy gurnaýan hüjümleriniň ýurduň haýsy ýerlerine çenli ýaýrawly ýagdaýa ýetendigi baradaky sowallar döreýär.

Ýörite toparlar

Milletparaz hindiler ýörite toparlar döredip, sygyrlaryň gorag astyna alynmagy bilen meşgullanýandygyny bildirýärler.

Ýöne aslynda olar musulmanlaryň kanuny eýeçiligindäki sygyrlary ogurlamak bilen meşgullanýarlar.

Milletparaz premýer-ministr Narenda Modi 2014-nji ýylda häkimiýet başyna geçenden bäri şeýle "ýörite operasiýalaryň" sanynyň hem gaty köpelendigi aýdylýar.

"Reuters" habar gullugy Hindistanyň demirgazygynda sygyr ogurlygy bilen meşgullanýan iki sany esasy topar bilen gürrüňdeşlik geçiripdir. Şonda olar 3 ýylda 190 müň sygyry "halas edendigini" aýdypdyr.

Kämahal şeýle ogurlyklar hut polisiň gözüniň alnynda bolup geçýär.

"Mukaddes haýwan"

Hindiler sygry mukaddes haýwan hasaplaýarlar.

Hindistanyň köp ýerinde mal etiniň satylmagy gadagandyr.

Hindistanyň günorta-günbataryndaky Maharaşta ştatynda hereket edýän "Bajarang Dal" atly toparyň wekili Dineş Patil "Reuters" habar gullugyna beren interwýusynda "Aslynda bu dünýäde hemmeler edil hindi ýaly bolup dünýä inipdir. Onsoň olar diňe sünnet edilip musulman, haç suwuna ýuwlup hem haçparaz edilipdirler" diýipdir.

Bu topar, Hindistanyň iň güýçli milletparaz guramasy bolan "Raştriýa Swaýamsewak Sangh" (RSS) atly gurama baglydyr.

Narendra Modi
Narendra Modi

"Hindistanyň päkligine zyýan ýetirýärler"

"RSS" atly guramanyň öňe sürmegine görä, soňky müň ýylda musulmanlaryň we haçparazlaryň edýän işleri "Hindistanyň päkligine diýseň zyýan ýetiripdir".

Bu milletparaz gurama Modiniň "Bharatiýa Janata Party" atly syýasy partiýasynyň döredilmegine gatnaşypdyr.

Premýer-ministr bu milletparaz guramanyň ýygnagyna ilkinji gezek entek çagaka gatnaşypdyr.

Ýöne onuň özi musulmanlaryň sygyrlarynyň elinden alynmagyny ýazgarypdyr.

Emma esasy köpçülikdäki partiýanyň wekili Sudhanşu Triwedi "Reuters" habar gullugyna beren maglumatynda, sygyrlaryň eýesinden haçan-da ol kanuny bozan mahaly alynýandygyny nygtapdyr.

Hindistanyň içeri işler ministrliginden bolsa, Modiniň häkimiýet başyna geçmeginden soňra sygyr ogurlygynyň köpelendigi barada aýdylýanlary red edipdir.

Ministrlik öz beýannamasynda "Käbir raýatlar sygyrlaryň gorag astyna alynmagy üçin tagalla edýärler. Emma hökümet hem ähli raýatlaryň, şol sanda azlyklaryň hak-hukugynyň goralmagy barasynda tutanýerli hereket edýändir" diýipdir.

Hindistanyň ýokary kazyýeti hem şu ýylyň sentýabr aýynda çykaran kararynda, merkezi häkimiýet we ştatlaryň ýerine ýetiriji organlarynyň sygyr ogrulygy hem onuň bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin, polisiýa güýçlerini herekete geçirmäge çagyrypdyr.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG