Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu Ýork: Hüjümçi bolmakda güman edilýän özbegistanly immigranta täze aýyplamalar ýöňkeldi


Saýfullo Saipow
Saýfullo Saipow

ABŞ-nyň baş sudy geçen aýda Nýu Ýorkda ýük ulagyny sürüp sekiz adamy öldürmekde aýyplanýan özbegistanly immigranta garşy 22 sany aýyplamany öňe sürdi, şol sanda oňa adam öldürmekde we ekstremist “Yslam döwleti” toparyny goldamakda günä bildirdi.

21-nji noýabrda mälim edilen giň göwrümli aýyplaw netijesinde 29 ýaşly Saýfullo Saipow sekiz adamyň ölümine sebäpkär bolmakda we 12 adamyň janyna kast etmäge synanyşykda aýyplandy. Saipowyň günäsiniň tassyklanan ýagdaýynda ol ölüm jezasyna höküm edilip bilner.

Saipow 21-nji oktýabrda Manhettende Dünýä söwda merkezleriniň bir wagt duran ýeriniň golaýynda kireýne alnan ýük ulagyny pyýadalaryň barýan ýodasyna süreninden soň, gaçyp gutulmaga synanyşanda ele salynypdy.

Şol hüjüm Nýu Ýorkda 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndan bäri ýüze çykan iň köp pidaly hüjüm bolupdy.

Saipow dessine terrorçylyk bilen baglylykda suda çekildi, emma prokurorlaryň subutnama toplamagy üçin birnäçe hepde gerek boldy.

Saipowyň aklawçysy suduň çykaran kararyny dessine kommentirlemedi.

XS
SM
MD
LG