Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň Federasiýa Geňeşi “daşary ýurtly agentlikler” baradaky kanun taslamany kabul etdi


Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko

Orsýetiň Federasiýa Geňeşi hökümete daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän media kompaniýalaryny “daşary ýurt agentlikleri” hökmünde bellige almaga we olara garşy gadagançylyklary girizmäge ygtyýar berýän kanuny tassyklady.

Rus parlamentiniň ýokary palatasy 22-nji noýabrda 154 agzanyň goldamagynda we bir sany saklanan ses bilen agzalýan kanuny biragyzdan kabul etdi. Indi bu kanun taslamasy gol üçin prezident Wladimir Putiniň dykgatyna ýetiriler.

Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko kanun çykaryjylaryň prezidentiň adam hukuklary boýunça mejlisiniň tankydy belliklerini maslahatlaşansoň kabul edilendigini mälim etdi. Tankydy belliklerde agzalýan taslamanyň kemçilikleri aýdylypdy we munuň täzeden gözden geçirilmegi üçin Aşaky öýe ugradylmagy soralypdy.

Gürrüňi edilýän kanunçylyk Döwlet Dumasynda geçirilen üç maslahatdan soň 15-nji noýabrda biragyzdan kabul edildi. Kanunyň kabul edilmeginden birnäçe sagat soň Adalat ministrligi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) habar gulluklaryna duýduryş hatlaryny ugratdy.

Hatlarda habar gulluklaryň nähili çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz boljakdyklary aýdyňlaşdyrylmady, ýöne kanun çykaryjylaryň aýtmagyna görä, degişli media serişdelerinden jikme-jik maliýe hasabatlary talap edilip, olaryň çap edýän maglumatlarynda habaryň daşary ýurt agentliklerinden ýetirilendigini agzamak soralar. Orsýetli resmiler käbir media serişdeleriniň, şol sanda AÝ/AR-yň, “Amerikanyň sesi” (VOA) kanalynyň we Germaniýanyň “Deutsche Welle” media kompaniýasynyň “daşary ýurt agentlikleri” hökmünde tagmalanyp bilinjekdigini aýdýarlar.

Halkara hukuk goraýjy guramalaryndan “Amnesty International” agzalýan kanunçylygyň Orsýetdäki media azatlyklaryna “agyr zarba” urjakdygyny aýtdy, ýöne orsýetli resmiler bu kanunyň içerki media serişdelere degişli däldigini aýdýarlar.

Orsýetli resmiler täze kanuny Birleşen Ştatlaryň rus media kompaniýalaryna edýän basyşyna “simmetriki jogap” diýip häsiýetlendirýärler. Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Russia Today” telekanaly Birleşen Ştatlardaky “Daşary ýurtly agentleri hasaba almak boýunça aktyň” talaplaryna laýyklykda 13-nji noýabrda hasaba durdy.

Ýanwar aýynda Birleşen Ştatlaryň aňtaw agentlikleri ýurtda 2016-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna rus hökümetiniň täsir ediş tagallalarynyň çäklerinde Orsýetiň “Russia Today” kanaly we “Sputnik” habar agentligi ýalan maglumat ýaýdy diýen netijä gelensoň Birleşen Ştatlaryň Adalat departamenti “Russia Today-den” hasaba durmagy talap edipdi.

AÝ/AR 15-nji noýabrda ýaýradan beýanatynda “ABŞ-da hereket edýän rus mediasy we Orsýetde iş alyp barýan amerikan mediasy boýunça ýagdaýlar aşa deňsizliginde galýar” diýdi.

“ ‘Russia Today’ we ‘Sputnik’ Birleşen Ştatlarda öz işlerini azat-erkin ýaýlyma berýärler. AÝ/AR bolsa administratiw basyşlar sebäpli öz ýaýlym şahamçalaryndan mahrum boldy hem-de AÝ/AR-a kabel ýaýlym mümkinçilikleri elýeterli däl. AÝ/AR-yň habarçylary Orsýetde gorkuzmalara we hatda fiziki hüjümlere-de sezewar bolýarlar” diýip, AÝ/AR-yň beýanatynda aýdylýar.

Birleşen Ştatlaryň Orsýetdäki ilçisi Jon Huntsman 17-nji noýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň hem-de VOA kanalynyň Moskwadaky edaralaryna baryp, täze kanunçylygyň Birleşen Ştatlary “aladalandyrýandygyny” aýtdy:

“Islendik azat we demokratiki jemgyýetde abadançylygyň we kuwwatlylygyň hatyrasyna erkin medianyň ýörelgeleri aýratyn ähmiýetlidir” diýdi.

15-nji noýabrda Putiniň Dumadaky wekili agzalýan kanunçylygy öz administrasiýalarynyň goldaýandygyny aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG