Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtly biznesmen Türkmenistanda pul problemasyndan kösenýär


Aşgabatdaky bazarlaryň biri. Illýustrasiýa suraty.
Aşgabatdaky bazarlaryň biri. Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda dowam edýän dollar gadagançylygynyň fonunda, diňe bir ýerli telekeçileriň ýa-da söwdagärleriň däl, eýsem daşary ýurtly bizmesmenleriňem kösenýändigi barasynda maglumatlar gelip gowuşýar.

Türkmenistanda iş alyp barýan aglabasy türk raýaty bolan daşary ýurtly biznesmenler ol ýerde çekýän pul kynçylyklary barada Azatlyk Radiosyna maglumat bermegi dowam edýärler. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda süýji-köke öndürýän kärhanasy bolan bir daşary ýurtly biznesmen türkmen resmileriniň halkara şertnamadaky hyzmatdaşlyk kadalaryny özüçe üýtgedip, özüni pul problemasy bilen köseýändigini öňe sürýär.

"Ata Watanymyza bir peýdam degsin diýip, Aşgabatda süýji-köke öndürýän kärhana açyp, işledip ýördüm. Meniň türkmen döwleti bilen baglanyşan halkara şertnamamda, girdeýjimi amerikan dollary görnüşinde aljagym we şol bir wagtyň özünde-de işgärlerimiň aýlyk-günlügini hem hut özümiň kesgitlejegim barasynda kepillik berildi. Türkmen resmileri maňa habar bermän, halkara şertnamamy üýtgedipdiler we türkmen banklaryndaky walýuta hasabymdaky pullaryň ählisini döwlet kursundan manada öwüripdiler. Men öz hakymy türkmen döwleti bilen ilki başda baglanşan halkara şertnamamyň esasynda walýuta görnüşinde almak isleýändigimi aýtsam, türkmen resmileri "Dollar bolanok, gadagan. Alsaň-a manat görnüşinde döwlet kursundan alarsyň, bolmasa-da olam ýok" diýip jogap berýärler. Mundan daşaryn yzygiderli basyşa hem duçar edýärler. Ondan soň men süýji-köke öndürýän kärhanamyň işini hut şu sebäpden duruzdym. Sebäbi önümçülik üçin gerek bolan çig mallary men daşary ýurtlardan walýuta bilen getirýärin. Firmamda 40-a golaý ýerli işgär işleýär we olara edýän ýokary hilli işleri üçin türkmen manadyndan Türkmenistanyň standartlaryndan ýokarda aýlyk berýärdim. Soň türkmen resmileri öz işgärlerime hem ujypsyzja aýyk bermegimi talap edip basyş etdiler.

Men indi näme etjegimi bilemok. Meniň halal çeken zähmedimiň hakyny beýdip köýdürmesinler. Meniň firmamyň türkmen döwletine hiç hili bergisi ýok. Türkmenistanda resmileriň şeýle basyşy we bikanun hereketleri astynda meniň indi ol ýerde işlemäge mümkünçiligim galmady. Pulumy alyp bilsem önümçülik kärhanamy ýapyp, enjamlary hem daşary ýurda alyp çykmak isleýärin" diýip, ol biznesmen aýdýar.

Ýatlap geçsek,Türkmenistanda 2016-njy ýylyň ýanwar aýyndan başlap, amerikan dollarynyň nagt satuwy doly ýatyrylyp, şondan soň onuň söwdasyna-da ençeme çäklendirmeler girizildi. Munuň netijesinde, ýurtda resmi taýdan 1 dollar 3,50 manat möçberinde saklanyp galýan mahaly,Türkmenistanyň “gara bazarlarynda” dollaryň nyrhy yzygider ýokarlanyp, 7-nji noýabrda Aşgabatda 1 amerikan dollarynyň satyn alyş nyrhy 8 manat 40 teňňä, satyş nyrhy 8 manat 90 teňňä baryp ýetdi.Bu bolsa, biznesi daşary ýurt walýutasyna bagly bolan telekeçilere ýaramaz täsir ýetirdi. Ýurtdaky agyr ykdysady kynçylyklaryň fonunda, gaty köp dükanlaryň we firmalaryň hem öz işini togtatmaly bolandygyny ýerli çeşmeler habar berýärler.

Mundanam başga, telekeçileriň walýuta operasiýalaryna, şol sanda pul birlikleriniň awtomatiki konwertasiýasyna ençeme tapgyr çäklendirme girizildi. Şeýle-de, hususy firmalaryň ençemesi Aziýa oýunlaryny guramalaşdyrmak üçin, “meýletin goşant” etmäge mejbur edildi.

Geçen ýylyň ortalaryna Türkmenistanyň banklarynda döwlete dahylsyz kärhanalaryň ofşor zonalardaky şertnamalary boýunça, türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna konwertasiýa etmek düzgüni hem doly ýatyryldy. Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň jogapkär resmisi bu barada ýurduň Merkezi bankynyň adyndan, 21-nji iýunda ýurduň ähli degişli banklaryna ýörite görkezmeli hatyň ýollanandygyny habar berdi.

Fewral aýynda bolsa türkmen mediasy "geçen ýyl Türkmenistanda önümçiligiň batly depginde ösmegi ýurduň importa bolan garaşlylygyny pese gaçyryp, eksportyň göwrümini artdyrdy" diýdi. Emma käbir ýerli synçylar we telekeçiler ýurtda importyň pese gaçmagyna dollaryň söwdasyna we telekeçilere girizilen çäklendirmeleriň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri hökümet maslahatlarynda, şol sanda 1-nji noýabrda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda, şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen ýygnakda, ýurduň durmuş-ykdysadyýetinde “bolan ösüş depginleri” barada hasabatlary gaýtalaýarlar.

Dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň aşaklamagy netijesinde, Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolanyndan bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan häzirki döwürde, dollaryň gaýta-gaýta gymmatlamagy we onuň ilata ýetirýän täsirleri barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

XS
SM
MD
LG