Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Daşary ýurt diplomyny ykrar etdirenler işe ýerleşmekde kynçylyk çekýär


Daşary ýurtlarda okan türkmen ýaşlary. Arhiwden alnan surat
Daşary ýurtlarda okan türkmen ýaşlary. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryny tamamlan ýaşlaryň köpüsiniň öz diplomlaryny tassykladansoň, işe ýerleşmekde kynçylyk çekýändigi barada habar berilýär.

Ýurduň günbataryndaky Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň ýaşaýjysy Mergen (Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) 2016-njy ýylyň tomsunda Ukrainanyň Poltawa şäherinde ýerleşýän Ýuriý Bondarçuk adyndaky Milli tehniki uniwersitetinde okuwyny tamamlap, Türkmenistana dolanýar.

Şondan soň ol diplomyny tassyklatmak üçin, Türkmenistanyň Bilim ministrligine arza tabşyryp, 2017-nji ýylyň fewral aýynda “Nebit-gaz senagatynda we Metallurgiýa boýunça ýokary hünär derejeli hünärmen” diýen at bilen diplomyny ykrar etdirmegi başarýar.

25 ýaşyndaky Mergen şondan bäri işiň gözleginde, azyndan, 20 edara ýüzlenendigini, emma aradan 10 aý çemesi wagtyň geçendigine garamazdan, henizem işe ýerleşip bilmän kösenýändigini aýdýar.

“Men ilki ýurduň nebit-gaz pudagyna degişli edara-kärhanalarynda işiň gözlegine çykdym we Türkmenbaşy şäherindäki Uswa posýologyndaky nebit akdyryjy treste bardym. Bu ýerde maňa ‘bizde iş ýok’ diýdiler. Şondan soň men Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna bardym. Bu zawodyň ýuristi maňa ‘sen gelipsiň welin, birinjiden, iş ýerimiz ýok. Ýöne bolaýanda-da, biziň zawodymyza işe girmek üçin, iki şerti berjaý etmeli. Birinjiden, pasportda Türkmenbaşy şäherinde ýazgyda duran bolmaly, ikinjidenem, sen Türkmenistanda bilim alan bolmaly. Eger bu ugur boýunça daşary ýurduň ýokary okuw jaýlarynda okan bolsaň, onda seni işe alyp bilmeýäris’ diýip, meni yzyma gaýtardylar” diýip, Mergen gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol özüniň Gyýanly şäherçesindäki, Esengulydaky, Gamyşlyjanebitdäki, Ekeremdäki zawodlara we beýleki edara-kärhanalara ýüzlenendigini, emma olaryň ählisinde özüne şol bir jogabyň berlendigini sözüniň üstüne goşdy.

“Men olara öz ýagdaýymyzy düşündirjek boldum. Ýagny ‘meniň kakam ýok, ýekeje ejem dokma dokap, dokanja halyçalaryny satyp, meniň yzymdan pul ugradyp, meni okatdy. Indi meniň perzent hökmünde ejeme hossarlyk etmeli döwrüm geldi. Onuň menden başga çagasam ýok’ diýsem, olar maňa ‘Ýagdaýyňyza düşünýäris, ýöne sizem bize düşüniň’ diýip, jogap berdiler” diýip, Mergen aýdýar.

Şuňa meňzeş ýagdaýy Russiýanyň, Ukrainanyň, Belarusyň, Hytaýyň we Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynyň tamamlan başgada onlarça türkmen ýaşlarynyň başdan geçirýändigi aýdylýar.

Ýatlap geçsek, şu ýylyň 4-nji awgustynda geçirilen hökümet maslahatynda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlarda bilim alan ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek meselelerini içgin öwrenmegi tabşyrdy.

Şonda türkmen lideri wise-premýerler B. Hojamämmedowa we S. Toýlyýewe hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça pudagara toparyny döretmegi hem-de bu ugurda edilen işleriň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat bermegi tabşyrsa-da, henize çenli bu topar we onuň häzirki wagtda nähili tapgyrdadygy barada, ilata maglumat berilmeýär.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi döwlet gazetlerinde dürli ugurlar boýunça ýokary hünärli spesialistleriň ýetmezçilik edýändigi barada ýygy-ýygydan bildirişler çap edilse-de, ýurtda işe ýerleşmek meselesinde tanyş-biliş we para almak-bermek tejribesiniň giňden ýaýrandygyny, şol sebäpli ýaşlaryň köpüsiniň işiň gözleginde daşary ýurtlara gitmäge mejbur bolýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG