Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet BMG-niň Siriýa boýunça derňewini 'öli' atlandyrdy, Günbatar alternatiwalara seredýär


Russiýanyň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenziýa
Russiýanyň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenziýa

BMG-niň Siriýada himiki ýaraglary kimiň ulanandygyny anyklamak boýunça derňewi “öli”, emma Orsýet Günbatar ýurtlarynyň “täze mehanizmi döretmek” tagallalary üçin açyk diýip, Moskwanyň BMG-däki ilçisi aýtdy.

Wasiliý Nebenziýa şeýle pikiri 22-nji noýabrda, ýagny BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň derňewleri dikeltmek ugrunda geçiren ýygnagynyň yzýany öňe sürdi. Geçen aýda Orsýet bu derňewleri birnäçe gezek weto edipdi.

Nebenziýa himiki hüjümlerde Orsýetiň ýarany Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň goşunynyň günäkärdigini aýdan we Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň aglabasy tarapyndan goldanýan BMG-niň Bilelikdäki derňew mehanizminiň (JIM) “doly ynamdan gaçandygyny” aýtdy.

“Ýöne biz Bilelikdäki derňew mehanizminiň ýerine professional, obýektiw hem bitarap iş alyp barjak täze mehanizmiň döredilmegi boýunça gepleşiklere taýýar’ diýip, Nebenziýa aýtdy.

Birleşen Ştatlary we onuň günbatarly ýaranlary derňewleriň Siriýanyň hökümeti boýunça gelen netijesini Orsýetiň halamazlygynyň muňa böwet bolýandygyny aýdýarlar. Siriýa hökümetiniň gozgalaňçy toparlara garşy alyp barýan alty ýyla çeken raýat urşunda 330 müňden gowrak adam wepat boldy we millionlarça adam öz ýaşaýan ýerlerinden göçmäge mejbur boldy.

Birleşen Ştatlaryň we onuň ýaranlarynyň geçen hepde derňewleri ýöretmek üçin Geňeşde teklip eden iki rezolýusiýasyny Orsýet weto etdi we bu hepde ol şwed-uruguaý ylalaşygyny BMG-niň Geňeşi weto etmezinden ozal ret etdi.

Derňewiň hakyky tarapdarlaryndan Britaniýanyň ilçisi Matýu Raýkroft (Matthew Rycroft) 21-nji noýabrda “biz Bilelikdäki derňew mehanizmi (JIM) dowam etmejegem bolsa bes etmeris” diýdi.

Raýkroft derňewiň tarapdarlarynyň bu barlaglaryň ýerine geçip biljek beýleki halkara adalat mehanizmlerine seredýändigini aýtdy.

“Bir zat etmek mümkinçiligi bolar. Biz gürrüňsiz aradaky boşlugy ýaparys. Biz beýdip Bilelikdäki derňew mehanizminiň hiç zat ýok ýerden deregine hiç zat hödürlenmezden ýatyrylmagyna rugsat bermeris” diýip, ol aýtdy.

Raýkroft: “Bu hasap berilmegini gazanmak üçin, pida bolanlara, aman galanlara we olaryň maşgalalaryna adalaty ýetirmek üçin örän wajyp” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

2015-nji ýylda Orsýet Siriýada himiki ýarag ulanýan taraplary anyklamak üçin, BMG bilen bilelikdäki Himiki ýaraglary gadagan edýän guramanyň döredilmegine razylyk bildiripdi. Ýöne haçan-da agzalýan barlag topary gaýta-gaýta Damaska barmak çommaldyp başlansoň, Orsýet mundanam çekildi.

Moskwa esasan Bilelikdäki derňew mehanizminiň beýleki taraplaryň ýygnan subutnamalaryndan peýdalanmagyndan nägile bolýar. Ol subutnamalary ilkinji bolup edinmäge derek, beýleki taraplaryň beren maglumatlaryny ulanmak olaryň manipuliasiýa edilmegine ýol açyp bilýär diýýär.

Bilelikdäki derňew mehanizminiň 4-nji aprelde Han Şeýhun şäherinde amala aşyrylan we 100 raýatyň ölümine getiren sarin gazly hüjümden Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň jogapkärdigini aýtmagy Orsýeti has hem ynjalyksyzlandyrýar.

Bu hüjüm haçan-da heläk bolýan çagalaryň suratlary bütin dünýä ýaýranda, global gazabyň döremegine getirdi we aradan biraz wagt geçensoň Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp hüjümiň ýerine ýetirilendigi aýdylýan howa bazalaryna raketa hüjümleriniň amala aşyrylmagyna buýruk berdi.

Ýöne Orsýet BMG-niň derňew toparynyň hiç haçan Han Şeýhundan ýa-da Şaýrat howa bazasyndan subutnama taplamandygyny we öz gelen netijelerini diňe beýleki taraplardan, ýagny Assadyň duşmanlary bolan gozgalaňçy toparlardan ýa-da Türkiýe hökümetinden edinen subutnamalaryna esaslandyrandygyny aýdýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň binýadyndaky topar özleriniň Han Şeýhuna şäheriň “Al-Kaýda” ekstremist toparynyň siriýaly şahamçasy tarapyndan dolandyrylýandygy we şol sebäpden howply bolany üçin ol ýere sapar etmändigini boýun aldy.

Nebenziýa Han Şeýhun derňewiniň “toslamadan” ybaratdygyny aýtdy we eger-de täze mehanizm döredilen ýagdaýynda, Orsýetiň derňew usullarynyň üýtgedilmegini talap etjekdigini mälim etdi.

Ýöne ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý Orsýetiň haçan-da bolsa bir wagt garaşsyz we obýektiw derňewlere razy boljagyna özüniň şübhe bilen garaýandygyny aýtdy.

“Orsýet öz ýarany Siriýa režiminiň himiki ýarag ulanandygynyň üstüni açýan islendik mehanizme razylyk bermez” diýip, ol 17-nji noýabrda aýtdy.

Uruguaýyň BMG-däki ilçisi Elbio Rosselli Geňeşiň Siriýadaky derňewleri dowam etmegiň ugruny tapyp biljekdigini aýtdy.

“Diňe Siriýada däl, hemme ýerde himiki ýaraglaryň ulanylmagyna seretmäge mümkinçilik berýän mehanizmler bar. Biz özümiziň nämeleri edip biljekdigimizi görmeli. Bu örän köp iş talap edýär” diýip, Rosselli belledi.

XS
SM
MD
LG