Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Çäklendirmeler sebäpli et söwdasyny edýänleriň işi kynlaşýar


Türkmenistanda goýun satýan söwdagärler
Türkmenistanda goýun satýan söwdagärler

Ýurduň içinde bir welaýatdan başga bir welaýata gatnap, diri mallary satyn alyp, ony et üçin ulanýan işewürleriň öz işlerini togtatmaly bolýandygy aýdylýar.

Aşgabadyň ýaşaýjysy, 50 ýaşly Öweziň sözüne görä, ol birnäçe ýyldan bäri Mary, Daşoguz, Balkan welaýatlaryna gidip, diri mallary satyn alyp, olary soýup, Aşgabadyň et dükanlaryna tabşyrýan ekeni.

“Mallary diri görnüşinde lomaý söwda bilen satyn alýardyk. Olaryň arasynda ete ýaramlysy hem, entek horrak mallar hem bolýardy. Horrak mallary howludaky mal ýatagmyzda saklap, iýmläp biraz bakanmyzdan soňra ete tabşyrýardyk. Soňky bir ýylyň dowamynda üsti mal ýüklenen awtoulaglary şähere goýbermän başladylar. Mary tarapdan gelseň, Gäwersden bärik mal geçirip bolanok. Gäwersde tanyş-bilişleriň öýüne düşürip, mallary şol ýerde öldürip, soňra Aşgabada et görnüşinde getirmeli bolýarys. Bu bolsa artykmaç çykdajy talap edýär” diýip, Öwez gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol tanyş-bilişiň öýünde hem üznüksiz düşläp bolmaýandygyny aýdyp, abat mallary öldüreniň bilen hor mallary nirede saklajagymyzy bilmän kösenýäris diýýär.

“Aşgabadyň bazarlarynda hem etiň bahasyna döwlet tarapyndan gözegçilik edilip, kesgitli baha bilen satmaga görkezme berilýär. Ol etiň satyja näçä düşýändigi bilen gyzyklanýan adam ýok. Zeleliňe işläp ýörmeli boldy. Şol sebäpli işimizi togtatmaga mejbur boldyk” diýip, Öwez aýdýar.

Soňky bir ýylyň dowamynda mal etleriniň yzygiderli gymmatlaýandygyny hem ýaşaýjylardan eşitse bolýar.

“Hojalyklarda öldürilýän mallara paýa girip et alýardyk. Bir ýyldan bäri ol etleriň bahalary galdyrylýar. Ozal 15-16 manatdan satyn alan etlerimizi indi 20-22 manat aralygyndan alýarys” diýip, Aşgabatly pensioner Bagty aýdýar.

“Bazarlarda satylýan etlerden alyp, agzyň maza tapmaýar. Bazarda et satýanlar göwnejaý edip alyja et çekip berenoklar. Şu bölegi çekip beräý diýip, terezä goýan etiň üstüne mäzli içýaglarmy, öýkenmi, üstünden 1-2 gün geçen galan-gaçan könelişen gapyrgaly etleri hem goýup, alyjynyň keýpini bozýarlar. Paýa girseň, näme-de bolsa, täzeje et alyp gaýdýarsyň, emma indi etleriň bahasy ýönekeý ilat üçin elýetersiz bolup barýar” diýip, ol bahalaryň ýokarlanmagynyň ýönekeý maşgalalara juda agram salýandygyny hem sözüne goşýar.

Türkmenistanda ilatyň sarp ediş korzinasynyň hiç wagt hem öwrenilmändigini ýaşaýjylar belleýärler. Her ýylda Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde aýlyklar 10 göterim galdyrylýar diýlende, emeldarlar ýerlerinden turyp, el çarpýarlar.

“Aýlyklar, kömek pullary 10 göterim galdyrylmaly diýlenden soň bazarlarda bahalar hem galyp ugraýardy. Indi bolsa dollaryň gara bazarynyň ýokarlanmagy bilen bahalar keýigiň şahyna çykdy. Emma bu zatlara gözegçilik ýoga meňzeýär” diýip, ýaşaýjylar nygtaýarlar.

XS
SM
MD
LG