Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wi-Fi we Bluetooth tehnologiýalaryny Golliwud gözeli oýlap tapypdyrmy?


Hedy Lamarr "Zaýalanan zenan" atly kinofilminden bir pursat (1947)
Hedy Lamarr "Zaýalanan zenan" atly kinofilminden bir pursat (1947)

Awstriýada doglan Hedy Lamarr 1940-njy we 1950-nji ýyllaryň arasynda diňe bir Golliwudyň däl, eýsem tutuş dünýäniň iň owadan aktrisasy hasaplanýardy.

Guardian gazetini: “Kinofilm sungatynyň ägirtlerinden bolan ol zenany Golliwudda adaty ýagdaýda zenan jynsyýetiniň nyşanasy ýaly görýärdiler. Şonuň üçinem onuň ylmy ukyby we derejesi töweregindäkiler üçin o diýen gyzykly hem däldi. Ýöne onuň ylmy ukyby "Bluetooth" we "Wi-Fi" ýaly telekommunikasiýa tilsimleriniň oýlanyp tapylmagyna sebäp boljakdy" diýip ýazýar.

Şeýle seýrek zenanyň durmuşy baradaky bir dokumental film 15-nji noýabrda Londonda açylan ýewreý kinofilmleri festiwalynda görkezildi. Ol dokumental filmiň esasyny goýanlardan biri hem meşhur aktrisa Susan Sarandon ekeni.

Aslynda Hedy Lamarryň durmuşy hakda film surata düşürmek üçin, diňe onuň ýaşaýşyny bilmek ýeterlik, ýagny Hedwig Kiesleriň uruş mahalynda, Wenada geçen çagalyk döwri, esger eginbaşyny geýip baý adamsyndan gaçmagy, 6 gezek durmuşa çykmagy, çagalarynyň dünýä inmegi (filmde onuň çagalary bilen geçirilen söhbetdeşlikler hem bar), owaly bilen Londonda we soňam Los Angelse gidip, kino ýyldyzyna öwrülmegi...

Ýöne öwrenji režisýor Aleksandra Deanyň düşüren filminde aktrisanyň oýnan roly iň az bilinýän roly bolsa-da, esasy ähmiýete eýedir.

Ol filmde Lamarryň 1990-njy ýylda Forbes žurnalyna beren interwýusynyň ses ýazgysy hödürlenýär. Şonda aktrisanyň dünýeden ötjek wagtyna 10 ýyl galypdy we ol özüni töwereginden tutuşlygyna üzňeleşdiripdi.

Lamarryň sahna durmuşy Berlinde režisýor Maks Reinhardtyň meşhur aktýorlyk mekdebini gutarandan soň Awstriýada başlapdyr.

Tehnologiýalara janköýerlik edýän bir bank müdiriniň gyzy bolan ol aktrisa amaly-haşam sungaty bilen tapawutlanýan bir ýewreý mähellesinde kemala gelipdir. Ol 19 ýaşyna gadam basanda, özüne şöhrat getirjek kinodan rol alypdyr.

1933-nji ýylda Çehiýada surata düşürilen "Ekstazi" kinofilminde ol çuw-ýalaňaç sahna çykyp, jynsy gatnaşyk pursadyny diýseň ussatlyk bilen tebigy ýagdaýda ýerine ýetiripdir. Onuň tebigy ýagdaýda suratlandyran ol roluny soň Rim papasy berk ýazgarypdyr.

Ikinji jahan urşunyň başynda Lamarr kompozitor George Antheil bilen bilelikde Hyzmatdaş güýçleriň torpedolary üçin rasiýa aragatnaşyk ulgamyny hasam kämilleşdiripdir.

Ol ulgamda spektriň giňeldilmegi bilen tolkunyň yzygiderli üýtgedilmegi tilsimi ulanylypdyr. Şeýle tilsim bilen hereket eden torpedolar nemesleriň tolkun tutýanlaryndan arkaýynlyk bilen geçmegi başarypdyr.

Şeýle oýlap tapylan tilsimde kompozitoryň rol almagy tölänlik bolmandyr. Sebäbi ol tilsim bilen işleýän enjam pianino ýa-da sintizatoryň dili ýaly aýratynlykda ýasalypdyr. Ýönekeý pianino dili bilen 88 tizligiň arasynda tolkunlary yzygiderli üýtgetmek mümkin bolupdyr.

ABŞ-yň harby deňiz güýji ol enjamyň patentine "tutuşlygyna gizlin" diýen möhüri urupdyr.

Uruşdan soň 1957-nji ýylda "Sylwania Elektronik Systems" atly şereket ol enjamyň adaty önümçiligine başlapdyr.

ABŞ-yň harby deňiz güýji ol tehnologiýany 1960-njy ýyllara çenli kabul etmedigem bolsa, ylym dünýäsi ol tilsimden peýdalanmak bilen "Bluetooth" tehnologiýasyna nusga alynandygyna we soň ondan hem "Wi-Fi" ulgamynyň gelip çykandygyna ynanýar.

Kompozitor Atheli soň-soňlar öz ýatlamasynda: "Biz uruş barada gürrüň edýäris. 1940-njy ýyllaryň ahyrynda ýagdaý öwerlikli däldi we hemmeler umytsyzdy. Hedy Golliwudda köp pul gazanýandygyny, ýöne dünýädäki ýagdaýyň bulaşýandygy üçin özüni gaty ynjalyksyz duýýandygyny aýtdy. Ol özüniň harby enjamlar we gizlin ýaraglar hakda baý maglumata eýedigini gürrüň berdi. Ol "MGM"-den aýrylyp, özüniň bilýän zatlaryny Waşingtona gidip, şol ýerde täze açylan "Oýlap tapyjylar" geňeşi bilen paýlaşmak isleýärdi" diýip gürrüň berýär.

Olaryň harby tehnologiýa ugrunda eden şol açyşynyň patenti 1942-nji ýylyň 11-nji awgustynda hasaba alnypdyr. Ol patentiň şahadatnamasynda aktrisanyň adamsynyň familiýasy ýazylypdyr, ýagny Hedy Kiesler Markeý görnüşinde.

Emma şol döwürdäki tehniki mümkinçilikler bu açyşyň doly amala aşmagyna mümkinçilik bermändir. Ol açyşdan diňe 1962-nji ýylda Kuba rewolýusiýasy bolanda peýdalanylypdyr. Şonda suwasty gämileriň hemmesine dessine şol enjam oturdylyp başlanypdyr.

Dokumental filmde Sarandon we kinofilmde surata düşen nemes aktrisasy Diane Krugeriň tagallalarynyň netijesinde Lamarryň ylmy açyşlarynyň doly manyda gadyrynyň bilinmegine ýol açandygy bellenýär.

Lamarryň çeper filmlerdäki ukyby barada söz açylanda bolsa, tankytçylar režissýorlaryň onuň aktrisalyk ukybyndan däl-de, owadanlygyndan öz bähbidine ulanandygyny öňe sürýärler.

Lamarryň açyşynyň gadyry diňe 1998-nji ýylda, ýagny açyşdan 50 ýyl soň bilnipdir. Kompozitor we aktrisa zenan Lamarr şol ýyl "Electronic Frontier" fondunyň baýragyna mynasyp görlüpdir.

Aktrisa bir gezek öz owadanlygy barada söz açanda, öz sypatyny "hiç wagt çykaryp bolmaýan betbagtçylyk maskasyna" meňzedipdir.

Rim papasy 11-nji Piusuň lagnatlan "Ekstazi" atly kinofilminden soň Lamarr "Alžir", "Galhagal şäheri", "Meniň söýgüli – içalym" we "Samson we Delila" atly kinofilmlerde surata düşüpdir.

XS
SM
MD
LG