Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Polisiýa žurnalistleri alyp barýan maşynda goýlan bombany ýüze çykardy


Pakistan polisiýasy bomba hüjüminiň bolan ýerini barlaýar. Peşawar, 24-nji noýabr, 2017.

Polisiýa demirgazyk Pakistanda dört sany žurnalisti alyp barýan awtomobilde goýlan bombany zyýansyzlandyrdy we sorag üçin maşynyň içindäkileri tussag etdi.

Žurnalistler, şol sanda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Pakistan gullugynyň habarçysy 24-nji noýabrda Khyber Pakhtunkhwa welaýatyndaky köne maşynlaryň ýaryşy barada maglumat taýýarlamaga barýarka, Landi Kotal şäheriniň golaýyndaky barlag nokadynda olaryň kireýine tutan ulagynyň aşagynda goýlan partlaýjy madda ýüze çykaryldy.

Bombalary zyýansyzlaşdyryjy topar, howpsuzlyk resmileriniň aýtmaklaryna görä, iki kilogram agramy bolan we “ýerli şertlerde ýasalan” bombany derhal zyýansyzlandydylar.

Ady aýdylmadyk howpsuzlyk resmisi, eger partlan bolanlygynda, güýçli partlamanyň diňe maşynyň üstündäkileri öldürmek bilen çäklenmän, eýsem köne maşynlaryň ýaryşyna gatnaşýanlaryň arasynda hem köp pida sebäp bolup biljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG