Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin "daşary ýurt agentleri" metbugat kanunyna gol çekdi


Amnesty International bu kanunyň Orsýetde metbugat azatlygyna urlan “çynlakaý zarba” boljakdygyny aýtdy.
Amnesty International bu kanunyň Orsýetde metbugat azatlygyna urlan “çynlakaý zarba” boljakdygyny aýtdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hökümete daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän habar serişdelerini “daşary ýurt agentleri” hökmünde häsiýetlendirmäge we olara garşy sanksiýalary girizmäge ygtyýar berýän kanuna gol çekdi.

Täze kanun 25-nji noýabrda Orsýetiň kanun maglumatlaryny berýän internet portalynda çap edildi.

Bu kanun taslamasy 22-nji noýabrda Federasiýa geňeşinde, parlamentiň ýokarky palatasynda biragyzdan, 154 deputatyň ses bermeginde, bir deputatyň bolmazlygynda kabul edildi.

Şeýle-de bu kanun taslamasy 15-nji noýabrda parlamentiň aşaky palatasynda, Döwlet dumasynda üçünji, ahyrky okaýyşda biragyzdan kabul edildi.

Adalat ministrligi şondan soň birnäçe sagat içinde Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň habar gulluklarynyň birnäçesine duýduryşlaryny iberdi.

Ol hatlarda habar gulluklarynyň ýüzbe-ýüz boljak potensial çäklendirmeleri anyklaşdyrylmaýr, emma kanun çykaryjylaryň aýtmaklaryna görä, belgilenen media jikme-jik maliýeleşdiriş hasabatyny bermek hem-de çap edilýän makalalara daşary ýurt agentiniň elinden çykandygy barada bellik goýulmagy baradaky talaplaryň obýekti bolup biler.

AÝ/AR rus resmileriniň daşary ýurt agenti hökmünde häsiýetlendirilmek duýduryşyny beren metbugat guramalarynyň biri bolup durýar, şeýle-de bu sanaw “Amerikanyň sesi” (VOA), CNN, Germaniýanyň halkara “Deutsche Welle” habar serişdelerini öz içine alýar.

Putiniň bu kanuna gol çekendigi baradaky habara jogap edip, AÝ/AR-nyň prezidenti Tomas Kent “häzirki pursatda biz täze kanunyň täsiri barada gürrüň edip bilmeýäris, sebäbi häzire çenli hiç bir habar guramasy ýöritelenip “daşary ýurt agenti” diýip atlandyrylmady we beýle “agentlere” garşy girizilýän çäklendirmeler heniz yglanedilmedi.”

"Biz, rus dilinde gepleýän diňleýjilerimizi dogry-dürs we obýektiw habar bilen üpjün etmek üçin,öz žurnalistlik işimizi dowam etdirmäge ygrarly bolmagymyzda galýarys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Rus resmileri bu kanunyň ýurt içindäki metbugatda degişli bolmajakdygyny aýdan hem bolsalar, “Amnesty International” halkara hukuk guramasy bu kanunyň Orsýetde metbugat azatlygyna urlan “çynlakaý zarba” boljakdygyny aýtdy.

Rus resmileri bu kanuny, olaryň häsiýetlendirmegi boýunça, Birleşen Ştatlarda rus metbugatyna edilýän basyşa berlen “simmetrik jogap” diýip atlandyrdylar.

Orsýetiň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän RT telekanalynyň ABŞ-da işleýän bölümi - T&R Productions LLCdiýlip atlandyrylýan kompaniýa 13-nji noýabrdaBirleşen Ştatlarda Daşary ýurt agenleriniň çäklendirme akty (Foreign Agents Registration Act) diýlip atlandyrylýan öňden gelýän kanun esasynda hasaba alyndy.

ABŞ-nyň ýörite gulluklary ýanwar aýynda RT-nyň filialy we rus habar agentligi Sputnik rus hökümetiniň 2016-njy ýyldaky amerikan saýlawlaryna täsir ýetirmek tagallalarynyň çäginde nädogry maglumatlary ýaýratdy diýip çykaran netijesinden soň, ABŞ-nyň Adalat departamenti RT-nyň hasaba alynmagyny talap etdi.

ABŞ-nyň Radiogepleşikleri dolandyrmak boýunça geňeşiniň başlygy Jon Lansiň 25-nji noýabrdaky beýanatynda “bu hili çäreleriň ABŞ-nyň hereketleri bilen baglylykda düşündirilmeginiň islendik görnüşiniň hakykaty düýpli ýoýýandygyny” aýtdy.

“Rus mediasy, şol sanda RT Sputnik Birleşen Ştatlarda erkin işleýär we olaryň gepleşikleri ABŞ-nyň kabel telewideniýesi, FM radio stansiýalary arkaly ýaýradylyp bilinýär” diýip, Lansiň sözüniň üstüni ýetirdi. “Emma muňa garamazdan, ABŞ-nyň halkada mediasy, şol sanda(Amerikanyň sesi” (VOA) we AÝ/AR (RFE/RL) Orsýetde telewideniýede we radioda gadagan.”

Şeýle-de ol “biziň žurnalistlerimize iş başynda rus häkimiýetleri tarapyndan azar berilýär, olar öz işlerini etmekde yzygiderli çäklendirmelere sezewar edilýär” diýdi.

ABŞ-nyň ilçisi Jon Huntsman 17-nji noýabrda AÝ/AR-nyň we “Amerikanyň sesiniň” Moskwadaky býurolaryna baryp, rus kanunynyň Birleşen Ştatlar üçin “uly aladadygyny” we “azat metbugat ýörelgeleriniň islendik azat jemgyýetde we demokratiýada kuwwatlylyk we abadançylyk üçin doly zerurlykdygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG