Sepleriň elýeterliligi

Indoneziýanyň häkimiýetleri wulkan sebäpli Baliden adamlary ewakuasiýa edýär


Agung dagy, Indoneziýa

Indoneziýanyň häkimiýetleri Bali adasynda ýanýan wulkanyň daşyndaky howply zonadan adamlaryň köpçülikleýin gyssagly ewakuasiýa edilmegine görkezme berdiler. Bali meşhur syýahatçylyk zolagy bolup, bu ýere ýylda 45 million adam barýar.

Ewakuasiýa dynç günlerinde Agung dagyndan tüsseli buludyň töwerek-daşa ýaýrap, halkara aeroportunyň ýapylmagyna sebäp bolmagynyň yzýany, 27-nji noýabrda başlandy. Bu ýagdaý onlarça müň syýahatça täsir ýetirdi.

Aeroportuň metbugat-wekili 27-nji noýabrda 445 uçaryň ýatyrylandygyny we munuň 59 müň ýolagça täsir ýetirendigini habar berdi.

Orsýetiň “Rosturizm” syýahatçylyk agentligi ýurduň 300 çemesi syýahatçysynyň Baliden we beýleki adalardan ewakuasiýa edilendigini habar berdi.

Indoneziýanyň resmileri wulkanyň salýan howpuny iň ýokary derejede kesgitledi we Agung dagynyň daşyndaky howply zonanyň möçberini 7.5-10 kilometr töwereginde görkezdi.

Wulkanyň soňky gezek oýanan döwründe 1500 çemesi adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG