Sepleriň elýeterliligi

Synçy topar Siriýada Orsýetiň howa hüjümlerinde azyndan 53 adamyň wepat bolandygyny aýdýar


Orsýetiň harby uçary Hmeýmim harby bazasynda, Siriýa

Synçy gurama Siriýada “Yslam döwleti” (YD) atly toparyň söweşijileriniň gözegçiligindäki obada Orsýetiň uçarlarynyň amala aşyran howa hüjümlerinde azyndan 53 parahat ýaşaýjynyň, şol sanda 21 çaganyň wepat bolandygyny habar berdi.

Britaniýada ýerleşýän Siriýada adam hukuklarynyň gözegçisi atly topar hüjümiň 26-njy noýabrda irden Deir al-Zor regionynda bolandygyny aýtdy. Gurama başda adam pidalarynyň sanyny 34 diýip görkezipdi.

“Günüň dowamynda geçirilen halas ediş operasiýalarynda ýumrulan bölekleriň aýrylmagynda soň san artdy” diýip, guramanyň başlygy Rami Abdel Rahman AFP agentligine aýtdy.

Guramanyň maglumaty dessine tassyklanmady. Orsýetiň harbylary bu wakany kommentirlemedi.

Orsýet we Eýran Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetine goldaw berýärler. ABŞ we Türkiýe Siriýada hökümet güýçlerine garşy söweşýän gozgalaňçylaryň dürli toparlaryny goldaýarlar.

XS
SM
MD
LG