Sepleriň elýeterliligi

Azatlygyň habarçysyna soňky iki hepdede ikinji gezek hüjüm edildi


Soltan Açylowa

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa ýene-de näbelli adamlar tarapyndan hüjüm edildi.

Bu waka 27-nji noýabrda sagat 11:50 töweregi Açylowa Aşgabadyň Köşi sebitindäki ýykylan ýaşaýyş jaýlaryny surata düşürýän mahaly bolup, şonda onuň golaýyna ilki 30 ýaşlaryndaky raýat eşikli bir adam gelýär we “Surata alma! Näme üçin surata alýarsyň?’ diýip, gygyryp başlaýar.

Açylowa gürrüňi edilýän adamdan daşlaşjak bolanda, başga-da dört sany raýat eşigindäki adam dessine onuň daşyny gabaýar we elinden kamerasyny gaňryp alýar. Şondan soň ol bu adamlardan kamerasyny yzyna almaga synanyşanda, onuň daşynda dessine polisiýa eşigindäki ýene üç adam peýda bolýar we olar Açylowany ak reňkdäki awtoulaga mündirip, nämälim ýere alyp gidýärler.

Şol ýerde awtoulagyň içindäki polisiýa işgärleriniň biri ulagdan düşüp, telefon arkaly birileri bilen gürleşýär. Soňra-da olar Açylowa yzyna gidip, kamerasyny alyp biljekdigini aýdýarlar we ony ulagdan düşürip goýberýärler.

Žurnalist Köşüde jaý ýykylyşygynyň dowam edýän ýerine gaýtadan baranda, kamerany alan raýat eşigindäki adamlar oňa ‘özüň bilen deň bolmaly, kameraňy bereli, ýöne gaýdyp şu ýerlerde görünseň, indiki gezek gaty görme’ diýip, haýbat atýarlar. Açylowa kamerasyny yzyna alanda, onuň içindäki suratlaryň öçürilendigini hem-de kamerasyna zeper ýetendigini bilip galýar.

Ýatlap geçsek, bu Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa soňky iki hepdäniň dowamynda amala aşyrylan ikinji hüjümdir.

14-nji noýabrda Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda edilen hüjümde, žurnalisti yzarlaýan adamlar onuň hiç hili surat almazlygyny we öýden çykman oturmagyny talap etdiler. Şeýle-de, şonda Açylowa “öýüňden çyksaň ölersiň” diýlip haýbat atyldy.

Şu ýylyň iýul aýynyň aýagynda bolsa, Açylowa 24 sagadyň dowamynda iki gezek hüjüme sezewar boldy. Žurnalist 29-njy iýulda “ölüm” haýbatyny atan adamyň özüne polisiýadan surat aldyrmazlyk barada görkezme berlendigini aýdandygyny gürrüň beripdi.

68 ýaşly Açylowa 2016-njy ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda hem azyndan üç gezek näbelli adamlaryň hüjümine sezewar boldy.

Freedom House guramasynyň 2017-nji ýyl üçin çap eden hasabatynda, Türkmenistana media azatlygy boýunça “erkin däl” diýlip, oňa 199 ýurduň arasynda Demirgazyk Koreýa bilen bir hatarda 100-den 98 bal berlip sanawyň düýbünde ýerleşdirildi.

2016-njy ýylda “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň Media azatlygy indeksinde Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 178-nji orunda ýerleşdirildi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG