Sepleriň elýeterliligi

Türkmenabat-Farap demirýol köprüsiniň golaýynda ýadygärlik dikiler


Türkmenabat şäheri

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşýän Türkmenabat-Farap demirýol köprüsiniň golaýynda ýadygärlik dikiler.

Resmi maglumatlara görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýadygärligi dikmek hakyndaky kararyna Lebap welaýatyna eden saparynyň dowamynda 27-nji noýabrda gol çekipdir. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Demirýol transport ministrligi tarapyndan işlenip düzüljek we 2017-nji noýabr hem 2018-nji ýylyň mart aýlarynyň aralygynda guruljak ýadygärlik ýazgyly monument bilen bilelikde köpriniň daşyndaky giňişlik kämilleşdiriler. Monumentde müdimileşdiriljek ýadygärlik ýazgysynyň mazmuny resmi maglumatda takyklaşdyrylmady.

Amyderýanyň üstünden geçýän uzynlygy 1750 metrlik Türkmenabat-Farap köprüsi 2017-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylypdy.

Ukrainanyň “Altkom” kompaniýasy tarapyndan gurulan köpriniň Türkmenistanyň iň uzyn köprüsidigi aýdylýar. Onuň şertnama esasyndaky bahasy 169 million dollar möçberinde görkezilýär.

XS
SM
MD
LG