Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk kazyýeti Türkmenistandan “gülençi ýolbaşçylary” bermegini soraýar


Fethullah Gülen
Fethullah Gülen

Ankaranyň 4-nji agyr jeza kazyýeti 23-nji noýabrda "Fethullah Güleniň guramasy FETÖ-niň" "Sibir ymamy" güman edilýän Sadettin Başer bilen "Aziýa sebitiniň ymamy" güman edilýän Muammer Türkýylmazyň Türkiýä gaýtarylyp berilmegi üçin, Türkiýäniň daşary işler ministrliginden, Türkmenistana talapnamalary ýetirmegini sorapdyr.

"AKI Press" atly gyrgyz neşiriniň ýazmagyna görä, başa barmadyk döwlet agdarylşygyny gurnamakda aýyplanýan "Fethullah Güleniň guramasy FETÖ-niň" 22 ýurda gaçan 45 sany ýokary wezipeli ymam ýolbaşçylarynyň we şol sanda Fethullah Güleniň hut özüniň yzyna gaýtarylyp berilmegi üçin, daşary işler ministrliginiň üsti bilen ol döwletleriň hökümetlerine kazyýet talapnamalary iberilipdir. Olaryň arasynda FETÖ-niň "Sibir ymamy" güman edilýän Sadettin Başer bilen "Aziýa materiginiň ymamy" güman edilýän Muammer Türkýylmazyň Türkiýä gaýtarylyp berilmegi üçin, Aşgabada iberilen talapnamalaryň hem bardygy habar berilýär.

Neşir habarynda, Ankaranyň 4-nji agyr jeza kazyýetiniň şol bir wagtyň özünde FETÖ guramasynyň "kazyýet ymamynyň orunbasarydygy" güman edilýän Osman Karakuş bilen FETÖ-niň gaznaçylarynyň biri hasaplanýan Hüseýin Saruhan üçin hem Gyrgyzystanyň adalat ministrligine, Gazagystanda ýaşaýandygy öňe sürülýän FETÖ-niň "Balkan ymamy" güman edilýän Mustafa Özjan üçin bolsa gazak hökümetine talapnama iberilendigini ýazýar.

Bu habar şol bir wagtyň özünde türk mediasynda hem giňişleýin ýer aldy.

Türkiýäniň köp tiražly "Milliýet" gazetiniň habarynda, 3 sany aýyplanýan üçin bolsa şol bir wagtyň özünde birnäçe ýurtdan olary Türkiýä gaýtaryp bermegiň soralýandygyna üns çekilýär. Gazet Ankaranyň 4-nji agyr jeza kazyýetiniň birnäçe ýurtda görülendigi öňe sürülýän FETÖ-niň ýokary wezipeli geňeşçisi güman edilýän Halit Esendiriň Türkiýä berilmegi üçin, şol bir wagtyň özünde Germaniýa we Özbegistana, "Sibir ymamy" güman edilýän Sadettin Başer üçin bolsa şol bir wagtda Türkmenistana, Günorta Afrika respublikasyna we BAE-ne talapnama taýýarlandygyny beýan edýär.

Ýatlap geçsek, bu Türkmenistandaky gülençilerdigi güman edilýänler barasynda türk mediasynda ýaýran ilkinji maglumat däl. 8-nji iýunda Türkiýäniň Balykesir şäherinde Fethullah Güleniň toparyna degişlidigi güman edilýänlere garşy gurnalan operasiýada, Aşgabatdaky Türkmen-türk uniwersitetiniň owalky mugallymlaryndan bolan Balykesir uniwersitetiniň Aýwalyk hünär öwrediş okuw jaýynyň müdiri O.Ş. bilen bilelikde 11 şübheli saklanypdy.

Türkiýede 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanşygy bolup geçipdi we esasy giň göwrümli wakalar paýtagt Ankara bilen Stambulda ýüze çykypdy. Şonda 450 ýönekeý türk raýatynyň ölendigi, 2000 gowrak adamyň hem ýaralanandygy aýan edilipdi. Agdarylyşyk synanyşygynyň yzýanyndan 50 müňden köp adam tussag edildi we 140 müňden gowrak raýat hem döwlet işinden kowuldy. Türk hökümeti başa barmadyk döwlet agdarylyşygyny gurnamakda "Hyzmat" diýip atlandyrylýan dini toparyň ýolbaşçysy Fethullah Güleniň Türkiýe döwletiniň düzüminde gizlinlikde döreden "FETÖ" atly guramasyny aýyplady. Häzir ABŞ-da ýaşaýan Fethullah Gülen bolsa öz gezeginde şeýle aýyplamalary red etdi.

Azatlyk Radiosynyň ozal hem habar berşi ýaly, geçen ýylyň tomsunda Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşygyň arkasynda dini ruhany Fethullah Güleniň durandygy öňe sürlenden soň, Türkmenistanda onuň hereketi bilen ilteşiklidir öýdülýänler köpçülik ýagdaýda soraga çekilip, her dürli gynamalara sezewar edilip we uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilip başlandylar.

Azatlyk Radiosyna gowşan, suduň höküminden göçürmesidigi aýdylýan dokumentde bolsa, ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen sud diňlenişiginde 18 adamyň 12-25 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edilendigi göze ilýär.

Türkmenistanda şeýle wakalaryň fonunda gülençilere degişlidigi öňe sürülýän Halkara türkmen-türk uniwersiteti hem ýapylypdy.

Sözi jemläp aýtsak, Ankaranyň 4-nji agyr jeza kazyýetiniň türk daşary işler ministrliginiň üsti bilen Türkmenistana talapnama iberip, başa barmadyk harby döwlet agdarylşygyny gurnamakda aýyplanýan "Fethullah Güleniň guramasy FETÖ-niň" "Sibir ymamy" güman edilýän Sadettin Başer bilen "Aziýa materiginiň ymamy" güman edilýän Muammer Türkýylmaz dagylary Türkiýä bermegini soramagy barasynda degişli türk we türkmen resmilerinden jikme-jik maglumat ýa-da nähilidir bir kommentariýa almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

XS
SM
MD
LG