Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Owganystana tarap täze demir ýoluň gurluşygyna başlady


Turkmenistan. Railroad Ashgabat - Serhetabat. Field. Green grass. April 10, 2015

29-njy noýabrda Türkmenistanda Serhetabat stansiýasyndan Owganystanyň Turgundi şäherine çenli täze demirýoluň gurluşygyna başlandy.

Türkmenistanyň döwlet habar agentligi TDH bu proýektiň Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky ylalaşygyň esasynda amala aşyrylýandygyny habar berdi.

“Serhetabat türkmen stansiýasyndan Owganystanyň Turgundi punktuna çenli liniýanyň ýagdaýy hasaba alnanda onuň düýpli täzelenmegi bu bölegiň gaýtadan, Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna guruljagyny aňladýar” diýip, TDH öz beýanatynda aýdýar.

Resmi maglumatda bellenişine görä, bu Turgundi stansiýasynyň geçirijilik ukybyny artdyrmaga mümkinçilik döreder we onuň deňze çykalgasy bolmadyk Owganystanyň haryt dolanyşygy üçin ähmiýetini artdyrar.

Demirýoluň we gara ýollaryň Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundi şäherini Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat we soň Hazar deňzindäki Türkmenbaşy porty bilen birleşdirmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan geçen ýylda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýol proýektiniň çäginde 28-nji noýabrda Türkmenistanyň Ymamnazar we Owganystanyň Akina demir ýol stansiýalarynyň arasynda demirýoluň gurluşygyny tamamlapdy.

XS
SM
MD
LG