Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow welaýat häkimlerini täzelemegi dowam etdirýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy noýabrda, şu ýyldaky soňky kadr çalyşmalarynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine Kaka etrabynyň häkimi bolup işlän Şöhrat Amangeldiýewi belledi.

TDH-nyň rus dilindäki maglumatlaryndan belli bolşuna görä, Ahal welaýatynyň häkimi bolup işlän Taňryguly Atahallyýew golaýda Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine bellenildi. Emma Atahallyýewiň Ahal welaýatynyň häkimliginden haçan boşadylandygy barada türkmen dilindäki habarlarda hiç zat aýdylmaýar. Ýöne metbugatda Kaka etrabynyň häkiminiň wezipesiniň ozal häkimiň orunbasary bolup işlän Arman Gurbanowyň üstüne ýüklenilendigi welin aýdylýar.

Bu kadr çalyşmalary prezidentiň ýurduň welaýatlaryna edýän saparyna, ilki Lebap welaýatyna, soň Mary welaýatyna baryp, welaýat ýolbaşçylaryny we käbir etrap häkimlerini täzelemeginiň yz ýanyna gabat geldi. Şeýle-de prezidentiň ýurduň demirgazyk welaýatyna – Daşogza hem sapar etmegine we kadr çalyşmagyna garaşylýar.

Türkmenistanda soňky ýigrimi ýylda hökümetiň jogapkär wezipelerinde işlän adamlaryň,wise-premýerleriň, ministrleriň, welaýat, etrap häkimleriniň, pudak ýolbaşçylarynyň işden boşadylmagy ýa olara käýinç, duýduryş berilmegi, ozalky resmileriň onlarçasynyň jenaýatda aýyplanmagy adaty zada öwrüldi.

Ikinji tarapdan, prezidentiň karary bilen ýokary wezipelere bellenilýän emeldarlaryň terjimehallary, iş tejribeleri, soňky ykballary barada köplenç hiç bir maglumat berilmeýär.

Emma soňky ýyllardaky türkmen kadrlarynyň bir umumylygyny bellemek gerek: olaryň köpüsi “işde goýberen düýpli kemçilikleri” üçin diýlip işden aýrylýar, ýöne olar işe bellenende-de, işden aýrylanda-da prezidente minnetdarlyk, alkyş sözlerini aýdýar.

Berdimuhamedowyň soňky häkim çalyşmalary bir tarapdan maý aýyndakorrupsiýa garşy başlan göreşiniň dowamy bolup görünýär. Emma prezident Maryda esasan oba hojalyk önümleriniň ýeterlik öndürilmezliginden, bugdaý planynyň dolmazlygyndan, meýdanlarda galan pagta hasylynyň ýygnalyşynyň haýallygyndan nägile boldy.

Şeýle-de prezident oba, etrap ýerlerindäki durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, ýollary, köprüleri abatlamak, sosial maksatly desgalary gurmak bilen bagly kemçilikleri belledi.Ýöne häkimlige bellenen täze emeldarlar bu kemçilikleri düzetmek, önümçiligi ösdürmek we oba adamlarynyň durmuş-ýaşaýyş derejelerini ýokarlandyrmak barada hiç bir anyk wada bermediler.

Anonim şertlerde pikirini aýdan 60 ýaşly ahally kärendeçiprizidentiň Lebapda, Maryda agzan kemçilikleriniň Ahalda hem bardygyny aýdýar.

Lebab häkim bellenen Atahallyýew öňki ýolbaşçylyk eden welaýatynda ‘oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretdi, oba adamlarynyň durmuş-ýaşaýyş şertleririni gowulandyrdy ýa etrap, oba ýollaryny düzetdi, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etdi’ diýip, hiç kim aýtmasa gererk” diýip, ahally kärendeçi Azatlyk radiosyna aýtdy.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy Hudaýberdi Orazow prezident Berdimuhamedowyň kadr çalyşmalaryny “bir näbelli adamy işden aýryp, ýerine başga bir näbelli adamy bellemek” diýip atlandyrýar. Şeýle-de ol kadrlary çalyşmagyň diňe kemçilikler açyk aýdylyp, täze bellenilýän emeldaryň öňünde anyk meseleler goýlan halatynda netijeli boljakdygyny belledi.

Hudaýberdi Orazow Azatlyk radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde Türkmenistanyň halkynyň häzir agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigini, emma Berdimuhamdowyň edýän hereketlerinde hakyky il-ýurt aladasyny görüp bilemýändigini aýtdy.

Eger daşyndan seretseň, Berdimuhamamedow bir dünýäde, halk başga bir dünýäde ýaşaýan ýaly. Emma onuň indi öz syýasatyny azajygam bolsa üýtgetmegi gerek” diýip, türkmen ykdysatçysy aýtdy.

Berdimuhamedow Maryda iş saparynda bolanda, ozal hem boýun alşy ýaly, dowam edýän kemçilikler üçin degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň başlyklarynyň, ýagny iň ýokarky ýolbaşçylaryň hem gönüden-göni jogapkärdigini umumy sözler bilen tassyk etdi.

XS
SM
MD
LG