Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Owganystanyň demirgazygynda harby operasiýalary ‘geçirmäge taýýarlanýar’


Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän territoriýasyny görkezýän karta.
Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän territoriýasyny görkezýän karta.

Geljek günlerde Owganystanyň demirgazygynda ýerli güýçler bilen Birleşen Ştatlaryň harby güýçleriniň “Yslam döwleti” toparyna garşy bilelikdäki harby operasiýalary geçirjekdigi barada habar berilýär.

“Afghanistan.ru” neşiriniň 29-njy noýabrda beren maglumatyna görä, giň gerimli “arassalaýyş” operasiýalarynyň geçiriljekdigi barada, Birleşen Ştatlaryň we NATO-nyň Owganystandaky harby missiýasynyň baş komandiri Jon Nikolson metbugat konferensiýada eden çykyşynda belledi.

Amerikan harbylarynyň ýolbaşçylygyndaky planlara laýyklykda, söweşleriň Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Farýab we Jöwüzjan welaýatlarynda amala aşyryljakdygy aýdylýar.

Belläp geçsek, Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän etraplaryndan gelip gowuşýan maglumatlarda, bu sebitde “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň sanyny artýandygy we olaryň barha işjeňleşýändigi habar berilýär. Bu toparyň söweşijileriniň arasynda daşary ýurtlularyň, şol sanda merkezi aziýalylaryň hem bardygy aýdylýar.

Muňa garamazdan, Nikolson özüniň sişenbe güni eden çykyşynda, “Yslam döwleti” toparynyň ýurduň çäklerinde halyfat döretmek tagallalarynyň başa barmajakdygyny belledi.

“Biz olaryň daşarky çeşmelerden alýan maliýe goldawyny düýpli derejede çäklendirdik. Şeýle-de, olar öz liderlerini çalyşmak bilen baglanyşykly kynçylyklary başdan geçirýärler” diýip, amerikan generaly aýtdy.

Owgan resmileriniň, ýerli harby komandirleriň we obalylaryň aýtmagyna görä, soňky aýlarda “Talyban” we “Yslam döwleti” toparlary Jöwüzjan welaýaty bilen Hyrat welaýaty aralygynda Farýaby, Badgysy hem öz içine alýan onlarça etrapda öz hökümini ýöredýär ýa-da ýöretmäge dyrjaşýar.

Şu ýylyň tomsunda “Yslam döwleti” (‘YD’) toparynyň söweşijileri Türkmenistan bilen serhetleşýän Jöwüzjan welaýatynyň Darzap etrabyny basyp alandyklaryny öňe sürdüler. Owgan resmileri-de, “Talyban-da” ‘YD-yň’ Darzapdadygyny tassyklapdylar.

Mundanam başga, “Yslam döwleti” we “Talyban” toparlarynyň Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän territoriýalarynda birnäçe obadyr etrabyň kontrollygyny ele salandygy hem habar berlipdi.

Türkmen hökümeti demirgazyk Owganystanda dowam edýän söweş we onuň ýurda abandyryp biläýjek howpy barada häzirki güne çenli aç-açan çykyş etmese-de, soňky aýlarda geçirilýän Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow howpsuzlygy berkitmek barada ýygy-ýygydan çykyş edýär.

Şeýle-de, soňky aýlarda ýurduň welaýatlarynyň we şäherleriniň arasyndaky barlag nokatlarynda howpsuzlyk barlaglary güýçlendirilip, ulaglary we raýatlary berk barlamak çäreleri dowam edýär.

Käbir türkmen resmileri bu barlaglaryň sebäpleriniň ýurda gaçgak getirilýän harytlaryň öňüni almak bilen baglydygyny aýtsalar, Azatlygyň hökümete ýakyn käbir çeşmeleri muny häkimiýetleriň howpsuzlyk aladalarynyň güýçlenmegi bilen düşündirýärler.

XS
SM
MD
LG