Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanyň Konstitusion sudy marihuananyň ulanylmagyna gadagançylygy ýatyrdy


Marihuananyň ulanylmagyny lagallaşdyrmak ugrunda çykyş,Tbilisi, 2-nji iýun, 2015

Gürjüstanyň Konstitusion sudy marihuananyň ulanylmagyna gadagançylygy ýatyrdy.

Suduň 30-njy noýabrda çykaran kararyna görä, marihuananyň we kenepiň esasyndaky neşäniň beýleki görnüşleriniň ulanylmagy jenaýat hasaplanmaýar.

Gürjüstanyň häzirki Jenaýat kodeksine görä, marihuanany gaýtalap ulanmak we 70 gram gurak serişdäni saklamak jenaýat hökmünde kesgitleýär we türme tussaglygy bolmadyk jezany göz öňünde tutýar.

Oppozision Girçi partiýasy marihuananyň ulanylmagyna jenaýat hökmünde garalmazlygy ugurnda çykyş etdi we 2016-njy ýylyň noýabr aýyndan bäri marihuananyň ulanylmagyny lagallaşdyrmak ugrunda göreşdi.

XS
SM
MD
LG