Sepleriň elýeterliligi

Çäklendirmeler türkmenleriň Stambulda bikanun pul biznesine ýol açdy


Türkiýede plastik kartlaryndan pul çekmek üçin nobata duran türkmenistanlylar. Arhiwden alnan surat.

Türkmenistanda daşary ýurtlarda ulanylýan plastik kartlardan nagt we nagt däl amallara girizilen çäklendirmeleriň hem gadagançylyklaryň fonunda, indi Stambulda türkmenistanly raýatlaryň öz arasynda bikanun ýagdaýda özboluşly täze pul biznesiniň dörändigi habar berilýär. Mundan owal Stambulyň Aksaraý diýen ýerindäki bankomatlaryň öňünde gije-gündiz nobat tutýan türkmenistanly raýatlaryň indi başga ýerlerde has uly nobatlary emele getirýändigi göze ilýär.

Bu ugurda käbir türkmen raýatlarynyň aýtmagyna görä, täze gara pul biznesi esasan Stambulyň "Kapalyçarşy" atly gadymy söwda merkeziniň golaýyndaky türkmenistanlylaryň düşleýän myhmanhanalaryň öňünde amala aşyrylýar. Türkmenistandan nagt pul çekmek üçin, Stambula gelýän raýatlar ol ýerde üýşýärler we 50 ýaşlaryndaky türkmenistanly bir erkek adam olaryň plastik kartlaryny ýygnap alyp, bir ýere äkidýär. Aradan birnäçe sagat geçenden soň, ol ýere motosikletli gelen 25 ýaşlaryndaky türkmenistanly iki sany ýaş ýigit hälki plastik kartlary eýelerine çeken pullary bilen bilelikde paýlap berýärler. Olaryň aýtmagyna görä, bu täze özboluşly resmi bolmaýan bikanun görnüşdäki pul biznesi taraplaryň arasynda dil üsti bilen gelinýän ylalaşygyň netijesinde bolýar we plastik kartlardan pul çekip getirýänler özleri üçin her 100 amerikan dollaryndan 25 dollar, kämahal hem 30 dollar araçy tölegini alýarlar.

Bu habary Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky çeşmeleri hem tassyklaýarlar. Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky çeşmesi bilen gürrüňdeş bolan, Stambula bir obadan gelendigini aýdan daýhanyň sözüne görä, adamlar Türkmenistanda plastik kartlardan amallaryň çäklendirilmegi sebäpli pullaryny köýdürmejek bolup, daşary ýurda gaýdyp, şeýle bikanun araçylara ýüz tutmaly bolýarlar.

"Bizem pulsuzlyga çäre tapmak üçin bialaç karza girip, kartda galan pulumyzy köýdürmän alyp bilmek üçin, Stambula gelmeli bolduk. Her näme-de bolsa, Türkmenistanda pulsuz kösenmekden gowudyr. Ýagdaý şeýle juda agyr bolmasa, obadan onça çykdaýjy edip, Stambula gaýdyp, bu ýerde näme üçin gije-gündizläp nobata duraly?" diýip, ol daýhan başdan geçirýän ýagdaýlaryny Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Türkmenistanly zähmet migrantlary bilen bir hatarda, Stambulda ýaşaýan türkmenistanly aktiwist Rozubaý hem bu maglumatlaryň dogrudygyny tassyklaýar.

"Plastik kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmak üçin nobata duran öz türkmenlerimizi görüp, gaty nebsimiz agyrýar. Pahyrlar her 100 amerikan dollaryna 25 dollar berip, öz pullaryny alýarlar. Şo taýda pul çekip berýänem, getirýänem Türkmenistanyň raýaty” diýip, ol aýdýar.

Türkmen hökümeti noýabr aýynyň başynda raýatlaryň daşary ýurtlaryň bankomatlaryndan nagtlaşdyryp bilýän maliýe serişdeleriniň möçberine nobatdaky çäklendirmeleri girizipdi. Emma daşary ýurtlardaky türkmenistanly raýatlar onuň yzýanyndan plastik kartlar bilen nagt we nagt däl amallary hem indi edip bolmaýandygyny Azatlyk Radiosyna habar beripdi.

Sözi jemläp aýtsak, türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlarda ýüzbe-ýüz bolýan şeýle pul problemalary barasynda, Türkmenistanyň döwlet kontrollygyndaky metbugatynda hiç hili söz açylmaýar. Şol bir wagtyň özünde, degişli türkmen resmileri hem bu ýagdaý bilen baglanşykly Azatlyk Radiosyna kommentariýa bermekden saklanýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG